«PETRONAS Carigali» kompaniýasy Türkmenistanda açyk iş orny barada yglan etdi
16.08.2025 | 12:45 |«PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Türkmenbaşy şäheriniň Gyýanly obasyndaky iş ýerine amallary kämilleşdiriş boýunça hünärmen wezipesini açyk diýip yglan etdi.
Kompaniýanyň berýän maglumatyna görä, dalaşgärler döwlet dolandyryşy, iş dolandyryşy, hukuk, syýasy ylymlary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary ýa-da şoňa deň gelýän ugur boýunça ýokary bilime eýe bolmaly.
Şeýle hem, dalaşgärleriň degişli ugurdan azyndan üç ýyl iş tejribesi bolmagy, şol sanda nebitgaz pudagynda gyzyklanýan taraplar bilen aragatnaşyklary dolandyrmak babatynda tejribe toplandygy hökmany şert bolup durýar.
Dalaşgärleriň türkmen, rus we iňlis dillerini erkin bilmekleri we MS Office programmalaryny (Teams, Word, Excel, PowerPoint) ussatlyk bilen ulanmaklary zerurdyr.
Anketalary kompaniýanyň Aşgabatdaky edara binasynda alyp bolýar. Salgy: Aşgabat ş., Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81-nji jaý (B blok). Doldurylan anketalar edarada ýa-da elektron poçta arkaly recruitment.tm@petronas.com.my salgysyna bildiriş çap edilen gününden başlap iki hepdäniň dowamynda tabşyrylyp bilner. Hatda dalaşgäriň familiýasy, ady, atasynyň ady we haýsy wezipä anketa tabşyrýandygy görkezilmelidir.
Kompaniýa gürrüňdeşlige diňe görkezilen talaplara doly laýyk gelýän dalaşgärleriň çagyryljakdygyny belleýär. Bu bildiriş «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.
ORIENT