Iň täze habarlar

Saud Arabystan Er-Riýadda täze Luwry gurar

21.08.2024 | 12:36 |
 Saud Arabystan Er-Riýadda täze Luwry gurar

Saud Arabystan Patyşalygy Er-Riýadda Luwra meňzeş çeperçilik galereýasyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Prinston uniwersitetiniň Ýakyn Gündogar barlag kafedrasynyň professory Bernard Heýkeliň sözlerine salgylanyp, The Times habar berýär. Professor Heýkel Saud Arabystan Patyşalygynyň mirasdüşer şazadasy Muhammet ben Salman Al Saudyň dostudyr.

Heýkeliň aýtmagyna görä, şazadanyň oňa aýdyşyndan Parižyň Luwrynda “Mona Liza” ýaly, Leonardo da Winçiniň “Dünýäniň halas edijisi” atly surat eseri Er-Riýadyň Uly muzeýiniň özboluşly aýratynlygy bolar.
Art dünýäsiniň iň uly syry hasaplanylýan “Dünýäniň halas edijisi” surat eseri 2017-nji ýylda Nýu-Ýorkda 450 mln $ bahadan satyldy. Ol taryhda açyk satylan sungat eserleriniň iň gymmady boldy.

Soňra bolsa bu sungat eseri öňki eýesi Dmitriý Rybolowlewden Saud Arabystan Patyşalygynyň mirasdüşer şazadasyna geçdi.

“Şazada muzeýiň gurluşygynyň tamamlanmagyna we ol ýerde bu surat eseriniň ýerleşdirilemegine garaşýar” – diýip, Heýkel aýdyp berdi.

Bilermenler gürrüň Dünýä medeniýetleriniň Muzeýi – Patyşa Salmanyň Seýilgähindäki Patyşa sungat toplumynyň bölegi barada aýdylýadygyny çaklaýarlar. Dünýä medeniýetleriniň Muzeýiniň açylyşy 2026-njy ýyla meýilleşdirilen. Muzeýden başga-da bu topluma Milli teatr we Däp sungatlarynyň Patyşa instituty hem girer.

ORIENT news

Foto: ru.oddviser.com

Şeýle hem okaň: