Iň täze habarlar

Türkmen sazandalarynyň wekiliýeti dabaraly konserte gatnaşmak üçin Moskwa bardylar

20.08.2024 | 23:15 |
 Türkmen sazandalarynyň wekiliýeti dabaraly konserte gatnaşmak üçin Moskwa bardylar

Türkmen sazandalarynyň wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilýän “Magtymguly sözlär dili türkmeniň” atly dabaraly konserte gatnaşmak üçin Moskwa şäherine bardylar. Dabaraly konsert we “Magtymgulynyň mirasy we häzirki zaman saz sungaty” atly leksiýa P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwanyň konserwatoriýasynyň Rahmaninow zalynda 21-nji awgusta, çarşenbe güni geçiriler. Taryhy ähmiýetli bu çäre P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwanyň konserwatoriýasynyň we Russiýa Federsiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň goldawy we hemaýaty bilen kompozitor Mämmet Guseýnow tarapyndan gurnaldy.

Konserte tanymal rus we türkmen sazandalary gatnaşar. Moskwa şäherine Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, Ýolaman Hummaýew adyndaky Mary şäheriniň ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň, Aşgabat şäheriniň 3-nji we 4-nji çagalar sungat mekdebiniň saz taryhynyň, wokal sungatynyň, saz gurallarynda çalmak mugallymlary geldiler. Olaryň arasynda – Gözel Annahanowa, Aýlar Saparmyradowa, Aýbölek Muhiýewa, Leýla Babaýewa, Bekdurdy Çerkezow, Seýran Kasimi, Ýolaman Nasyrow we Annaoraz Döwletow.

20082024-delegaciya-turkmenskih-muzykantov-pribyla-v-moskvu (5).jpg

Kreml bilen aralygy bäş minut bolan rus paýtagtynyň merkezindäki myhmanhanada ýerleşip, sazandalar taýýarlyk işleriniň we Moskwanyň özüne çekiji köçeleriniň atmosferasyna siňip gitdiler. Taryhy ýadygärlikler we gözel şäher peýzažlary olar üçin ylham çeşmesi boldy. Gyzyl meýdançada gezelenç edip, Wasiliý Blažennynyň ybadathanasynyň ajaýyplygyndan täsirlenip, olar beýik sungat ussatlarynyň döreden däplerine ýakynlaşýarlar. Bu ýatdan çykmajak pursatlar diňe bir döredijilik gözýetiminiň giňeldilmegine däl, eýsem halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrmagyna mümkinçilik berýär.

Olaryň arasynda – Gözel Annahanowa, Aýlar Saparmyradowa, Aýbölek Muhiýewa, Leýla Babaýewa, Bekdurdy Çerkezow, Seýran Kasimi, Ýolaman Nasyrow we Annaoraz Döwletow.

20082024-delegaciya-turkmenskih-muzykantov-pribyla-v-moskvu (3).jpg

Bu gün, 20-nji awgustda Türkmenistanly myhmanlar üçin Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumy – Zurab Sereteliniň sungat galereýasyna ekskursiýa gurnaldy. Ol ýerde bolsa Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň mukamlary” atly Moskwanyň halkara sungat festiwaly hem geçirilýär. Galereýada meşhur suratkeş, heýkeltaraş, monumentalist, Russiýanyň çeperçilik akademiýasynyň Prezidenti Zurab Sereteliniň hemişelik sergisi hereket edýär. Sergi surat we heýkeltaraşlyk eserlerini, emal pannolary we miniatýuralary, amaly-haşam sungat eserlerini, grafika we dizaýnerçilik işlerini öz içine alýar.

Şeýle-de sazandalar Sereteliniň ussahanasyna baryp gördüler we konsert meýdançalary bilen tanyşdylar. Şol günüň özünde türkmen wekiliýeti Isa günä geçijiniň ybadathanasyna hem baryp gördüler. Rus prawoslaw buthanasynyň iň uly bu ybadathanasy öz içine 10 000 çenli adam ýerleşdirýär. Binanyň umumy beýikligi – 103 m. Ybadathananyň bezeg meýdany – 22 000 m2 gowrak, olardan 9000 m2 ýaprak görnüşli altyn bilen çaýylan.

Şol gün Gelikon-opera teatrynda tamamlandy. Wekiliýet üçin bu ekskursiýa taryh bilen tanyşmak hem-de opera sungatynyň gudratyna ýakynlaşmak mümkinçiligini açyp berdi. Şeýle-de sazabdalar Gelikon-opera teatrynyň baş dirižýory Waleriý Kirýanow bilen duşuşdylar. Ol türkmen sazandalaryna Moskwada geçiriljek konsertde üstünlikli çykyş etmegi arzwu etdi.

20082024-delegaciya-turkmenskih-muzykantov-pribyla-v-moskvu (9).jpg

Gelikon-operanyň binasy haýran galdyjydyr – Uly Nikitskiý köçesinde ýerleşýän Şahow-Glebow-Streşnewleriň usadbasy (ýaşaýyş merkezi) öz teatr geçmişi bilen tanalyp, köpsanly meşhur duşuşyklaryň we çykyşlaryň şaýadydyr. Knýaginýa Şahowyň ak pileli otaglarynyň diwarlarynda Rahmaninowyň we Çaýkowskiniň sazlary, teatryň işgäri Şalýapiniň aýdyşy, repetisiýa wagty Stanislawskiniň sesi ýaňlandy, we hut şu ýerde dünýä belli Debýussi çykyş edýärdi. Zalda ses ýaňlanmasyny üpjün edýän gadymy agaç gümmezi dolulygyna dikeldidli. Gelikon – bu ýöne bir teatr däl. Eýsem ol dürli nesilleriň ussatlaryny we tomaşaçylaryny bilrşediren medeni dialogyň nyşanydyr.

imgonline-com-ua-Frame-blurred-nFxSzLuEaqHMd.jpg

Russiýa bilen Türkmeinstanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk hem geçmişde, hem häzirki wagtda bu prosessiň bir bölegidir. Bilelikdäki taslamalar we çykyşlar halklary saz we teatr arkly birleşdirýän köpri hökmünde hyzmat edýär. Sungatyň ösüşinden ruhlanan we baýlaşdyrylan höwesli tomaşaçylar we zehinli ýerine ýetirijiler taryhyň täze bölümini ýazmaga dowam edýärler. We muny biz bilelikde başdan geçirýäris.

ORIENT news

Foto: Mämmet Guseýnow tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: