Iň täze habarlar

“Belawia” Russiýadan Türkmenistana we yzyna üstaşyr gatnawlarynyň birnäçesiniň bahalaryny düşürdi

19.08.2024 | 23:00 |
 “Belawia” Russiýadan Türkmenistana we yzyna üstaşyr gatnawlarynyň birnäçesiniň bahalaryny düşürdi

Oktýabr aýynyň 26-na çenli aşakdaky ugurlar boýunça ýörite promotarif hereket edýär: Moskwa-Minks-Türkmenbaşy we Moskwa-Minks-Türkmenbaşy-Minsk-Moskwa, Sankt-Peterburg-Minsk-Türkmenbaşy we Sankt-Peterburg-Minsk-Türkmenbaşy-Minsk-Sankt-Peterburg. Bu barada awia geçirijiniň habarlar gullugyna salgylanyp, Belta habar berýär.

Türkmenistanyň raýatlaryna üstaşyr belarus wizasy zerur däl. Eger-de üstaşyr gatnaw bir gije-gündize ýetmese, ýolagçy howa menziliniň çäginden çykman, öňki gatnawyndan galan biletiň münüş talonyny görkezip biler. “Iň amatly çykalga – öňünden ähli ugurlar boýunça registrasiýa geçip, eliňe iki sany münüş talonyny almak” – diýip, “Belawiada” bellediler.

Russiýa Federasiýasyna daşary ýurtlylaryň girişi baradaky maglumatlary RF ygtyýarly edaralarynda anyklamaly.

Foto: belta.by

Şeýle hem okaň: