Iň täze habarlar

Daşkentde türkmen suratkeşleriniñ işleriniñ sergisi geçirilýär (wideo)

17.08.2024 | 23:50 |
 Daşkentde türkmen suratkeşleriniñ işleriniñ sergisi geçirilýär (wideo)

Özbegistan Respublikasynyñ Çeperçilik Akademiýasynda Gündogaryñ beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyñ doglan günuniñ 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen suratkeşleriniñ işleriniñ sergisi açyldy.

Serginiñ açylyş dabarasyna Türkmenistanyñ Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow, Özbegistanyñ Çeperçilik akademiýasynyñ Başlygy Akmal Nuriddinow, medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş işgärleri gatnaşdy.

18082024-v-tashkente-vystavka-rabot-turkmenskih-hudozhnikov (3).jpg

Sergide Magtymguly Pyragyñ keşbini we türkmen halkynyñ milli mirasyny beýan edýän 30-dan gowrak surat eserleri görkezildi. Sergi 22-nji awgusta çenli dowam eder.

Siziñ dykgatyñyza "Yoshlar" özbek teleýaýlymynyñ reportažyny hödürleýäris.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: