Dünýäniň dürli künjeklerinden wokalçylar Roza Baglanowa adyndaky halkara ýaryşa çagyryldy
12.08.2024 | 09:45 |Dünýäniň dürli künjeklerinden wokalçylar, meşhur gazak operaçysy we estrada aýdymçysy Roza Baglanowanyň adyny göterýän Halkara wokal bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Gazagystan Respublikanyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, “Kazinform” halkara habarlar gullugy habar berýär.
2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Astanada geçiriljek bu bäsleşik ussat aýdymçynyň döredijilini dünýä ýaýmak, zehinli ýaş aýdymçylary ýüze çykarmak we goldamak üçin niýetlenendir. Bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň goldawy bilen geçirilýär.
Bu bäsleşige 18 ýaşdan 35 ýaş aralygyndaky estrada aýdymçylary, şol sanda respublika we halkara derejede hem-de telewideniýede wokal bäsleşiklerine gatnaşyjylar, şeýle hem medeniýet we sungat ulgamyndaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp bilerler.
Bu geçiriljek bäsleşik dürli ýurtlardan gatnaşjak aýdymçylara zehinlerini görkezmek we medeni mirasy gorap saklamak we ösdürmek üçin goşant goşmaga ajaýyp mümkinçilikdir.
Gatnaşyjylar Roza Baglanowanyň repertuaryndan hökman bir aýdymy ýerine ýetirmelidir.
Arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.
ORIENT news