Iň täze habarlar

Wengriýada Türkmenistanyň medeniýet günleri umumy mirasyň şanyna baýramçylyk tutýarlar

08.08.2024 | 18:40 |
 Wengriýada Türkmenistanyň medeniýet günleri umumy mirasyň şanyna baýramçylyk tutýarlar

Budapeştde geçirilýän Wengriýada türkmen medeniýet günleriniň çäginde Türkmenistanyň mirasy, sungaty we döredijilik däpleri bilen ilkinji gezek tanyşdyryldy. Açylyş dabarasy Çarşenbe güni agşamsyna Wengriýa miras öýünde geçirildi.

Wengriýanyň Medeniýet we innowasiýa ministrliginiň Döwlet kolleksiýa boýunça döwlet sekretarynyň orunbasary Mate Winse iki halkyň arasyndaky özara ruhy baýlaşmasy üçin bu ähmiýetli çäräniň wajyplylygyny aýratyn belläp geçdi.

Bu çäre Wengriýada ýylsaýyn geçirilýän türki dilli halklaryň festiwaly (şüweleňi) bilen gabat gelip, Wengriýanyň we Türkmenistanyň Türki döwletleriniň guramasyndaky synçy hukugyny ýene bir gezek subut edýär. Medeni diplomatiýa ýurtlaryň biri-birine düşünişmegini we umumy medeni kökleriniň öwrenilmegini maksat edinýär.

Açylyş dabarasynyň şanyna Wengriýanyň döwlet folklor (halk) toparynyň we türkmen ýerine ýetirijileriniň çykyşlaryndan ybarat baýramçylyk konserdi geiçirildi. Şeýle-de medeniýet günleriniň maksatnamasyna laýyklykda Wengriýa miras öýünde serginiň gurnalmagy hem meýilleşdirilýär. Etnografiýa kolleksiýasy türkmen sungatynyň ajaýyp nusgalaryny we çeper senedini açyp görkezýär.

Wengriýada Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hemra Amannazarow Wengriýanyň miras öýünde öz ýurdunuň medeniýeti bilen tanyşdyrmak mümkinçiliginiň bardygyna buýsanç bildirip, iki ýurduň arasyndaky medeni, ykdysady we diplomatik gatnaşyklaryna ýokary baha berdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösüşi boýunça Daşary işler we söwda ministrliginiň döwlet sekretary Bolgarka Illeş iki ýurduň arasyndaky medeni umumylyklar barada belläp geçdi. Şeýle-de ol medeniýetleriň özära düşünişmeklerine ýol açýan Stipendium Hungaricum maksatnamasynyň çäklerinde her ýyl türkmen ýaşlarynyň 20-siniň wenger dilini öwrenmek mümkinçiliginiň bardygyny belledi. “Bu çäre diliň diňe bir serişde däl-de, eýsem binýat hökmünde hyzmat edýän medeni umumylyklarynyň saklanylmaga gönükdriilendir” – diýip nygtady.

Türkmen medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak wenger halky üçin halk sungatynda, halk sazynda we aňynda umumy kanunalaýyklyklary düşündirmäge ýardam edýär.

Foto: MTI

Şeýle hem okaň: