Warşawada Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
17.06.2024 | 22:00 |17-nji iýunda Warşawada Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Polşa tarapyna bolsa, ministriň orunbasary Marek Prawda ýolbaşçylyk etdiler.
Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de dürli ulgamlarda özara gatnaşygy pugtalandyrmagyň maksat edinýändiklerini tassykladylar. Türkmenistan bilen Polşanyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça iş toparyny döretmek mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.
Duşuşygyň çäklerinde syýasy-diplomatik ugur boýunça bilelikdäki işi mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň we Polşanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2025-2026-njy ýyllar üçin maksatnamasyna gol çekildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Şeýle hem Duşenbe güni Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Demirýollarynyň hyzmatdaşlyk guramasynyň komitetiniň başlygy Miroslaw Antonowiç bilen duşuşygy boldy.
ORIENT news