Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Owganystandaky Baş Konsullygy tarapyndan sport ýaryşy guraldy

14.06.2024 | 17:30 |
 Türkmenistanyň Owganystandaky Baş Konsullygy tarapyndan sport ýaryşy guraldy

2024-nji ýylyň 14-nji iýunynda Hyrat şäheriniň «Mirwais Sadek» sport toplumynda Baş konsullyk tarapyndan Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýip yglan edilmegi hem-de beýik türkmen şahyry we akyldary, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Hyrat welaýatynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň wekillerinden ybarat toparlaryň arasynda futzal boýunça ýaryşy guraldy.

Bu sport çäresine Owganystanyň woleýbol federasiýasynyň hem-de Hyrat welaýatynyň bedenterbiýe we sport müdirliginiň ýolbaşçylary we Hyrat welaýatynda ýaşaýan türkmen diasporasynyň abraýly wekilleri myhman hökmünde gatnaşdylar.

Futzal boýunça geçirilen ýaryşy diňe bir sport baýramçylygy bolman, eýsem, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylykly döwletara gatnaşyklarynyň hem nyşany boldy.

Ýaryşyň ýeňijilerine Baş konsullygyň adyndan kuboklar we medallar, şeýle hem ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bu ýaryş türgenlerde we janköýerlerde ýatdan çykmajak täsirleri duýgulary galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda gelen myhmanlara we janköýerlere türkmen milli tagamlary hödür edildi.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Owganystandaky Baş Konsullygy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: