Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Astanada gazak käşdeşi bilen gepleşikler geçirdi

27.05.2024 | 20:05 |
 Türkmenistanyň Daşary işler ministri Astanada  gazak käşdeşi bilen gepleşikler geçirdi

27-nji maýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Astanada resmi saparynyň dowamynda Premýer-ministriň orunbasary – Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen gepleşik geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda daşary syýasat edalaryň ýolbaşçylary gazak-türkmen hyzmatdaşlygynyň meseleleriň giň toplumynyň ýagny syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlarda özara gatnaşyklaryň ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşdylar.

e1d680724f820f025a23fe0eb1c203fb_1280x720.jpg

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Aşgabada we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Astana bolan saparynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine ünsi çekildi.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi. Soňky bäş ýylda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky özara söwda gatnaşygy 4 esse ýokarlandy. 2023-nji ýylda bu görkeziji 28 % ýokarlanyp, ABŞ-nyň 563 mln dollaryna ýetdi.

“Şu ýylyň birinji çärýeginde iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary 100 million dollardan geçdi. Oňyn meýiller döwlet baştutanlarynyň özara söwdamyzy ýakyn geljekde 1 milliard dollara çenli artdyrmak üçin öňde wezipesini ýerine ýetirmekde uly ynam döredýär” Murat Nurtleu aýtdy diýip, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň web saýtynda habar berilýär.

97fe15f80f8b3f2eccd333bac900e62b_1280x720.jpg

Taraplar ulag-üstaşyr geçelgeleri ugurdaky özara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Gazak-türkmen hyzmatdaşlygynyň üstünlikli mysaly Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýol magistraly bolup, oňyn alnyp barylýan işleriniň netijesinde onuň kuwwaty ýyl saýyn artýar. Geçen ýyl ýurtlaryň arasyndaky üstaşyr ýük geçirilişiniň mukdary 20% ýokarlandy we 1,3 million tonna boldy.

Ministrler energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk üçin esasy mümkinçilikler, şol sanda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljekki mümkinçiliklerini bellediler. Bu ugurda netijeli gatnaşyklaryň ösmegine goldaw bermäge taýýardyklaryny bellediler.

684c07464194da10ce3d5029f3fa9ad0_1280x720.jpg

“Türkmenistan öz gezeginde, ähli başlangyçlaryny we tekliplerini dünýä we sebit derejesinde durmuşa geçirmekde Gazagystany goldaýar. Şu günki gepleşiklerimiziň Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn” – diýip, Reşid Meredow aýtdy.

Daşary syýasat edalarynyň ýolbaşçylary medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň gün tertibine ünsi çekdiler. Döwlet baştutanlarynyň görkezmesine laýyklykda şu ýyl Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleri, Aşgabatda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçiriler, şol çäreleriň çäklerinde iki ýurtdyň görnükli şahylary Magymguly Pyragy we Abaý Kunanbaýewiň ýadygärlikleriň dabaraly açylyşy meýilleşdirilýär.

2b289116bfb85adff9ec498980079aeb_1280x720.jpg

Duşuşygyň dowamynda ministrler sebitleýin we halkara gün tertibiniň häzirki meseleleri boýunça, köptaraplaýyn gurluşlaryň çäginde ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek we iki döwletiň öňe sürýän başlangyçlaryny özara goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Taraplar sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň möhümdigini, hususan-da XXI asyrda Merkezi Aziýanyň ösüşi üçin bäş taraplaýyn dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekmegiň tertibiniň tamamlamagyň zerurdygyny aýtdylar.

3f313ce16ef8940922aeb9daa607916d_1280x720.jpg

ORIENT news

Foto: gov.kz

Şeýle hem okaň: