Iň täze habarlar

Owganystanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

17.05.2024 | 20:17 |
 Owganystanda Magtymguly Pyragynyň  300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

16-njy maýda penşenbe güni Owganystanyň Mazari-Şerif şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygynyň gurnamagynda Faýrap welaýatynyň Andhoý etrabynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi.

7.jpg

Bu medeni çärede Farýap welaýatynyň Dolhotabad, Andhoý, Gorgan, Garamgol, Hançarbag, Kaýsar, Dolwetabad etraplarynyň ýolbaşçylary, Mazari-Şerifd şäherindäki Gazagystanyň konsullygynyň başlygy, türkmen we özbek diasporalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga döredijilik işgärleri, ýaşlar we ýerli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

4.jpg

Türkmenistanyň Baş konsullygynyň habar bermegine görä, bu medeni çärä Balh, Jowuzjan we Badhyz welaýatlaryndan türkmen diasporasynyň 300-e golaý wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösýändigini, parahatçylygy, watançylygy, agzybirligi we doganlygy wagyz edýän eserleri bolan türkmen şygyrýetiniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň häzirki wagtda halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrýandygyny bellediler.

1.jpg

Türkmenistanyň Mazari-Şerif şäherindäki Baş konsuly Bazarbaý Kabaýew 2024-nji ýylda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi, şol sanda Aşgabatda “Magtymguly Pyragy” medeni we seýilgäh toplumynyň açylmagy we beýleki nusgawy ýadygärlikler barada öz çykyşynda gürrüň berdi.

Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar türkmen halkynyň milli eşikleriniň, şaý-sepleriniň we bezeg sungatynyň sergisi bilen tanyşdylar we Andhoý etrabynda Magtymguly adyndaky bilim merkezinde okaýan çagalar Magtymguly Pyragynyň goşgularyny okadylar.

6.jpg

ORIENT news

Foto: Owganystanyň Mazari-Şerif şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygy

Şeýle hem okaň: