Iň täze habarlar

Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň Parižde baýram edilmegi iri onlaýn-neşirlerinde şöhlelendirildi

10.05.2024 | 10:15 |
 Magtymgulynyň 300 ýyllygynyň Parižde baýram edilmegi iri onlaýn-neşirlerinde şöhlelendirildi

ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilmegi iri onlaýn-neşirlerinde şöhlelendirildi. Hususan-da, Style of Eurasia ýörite taslamasynyň, moda baradaky FabUK žurnalynyň, her aý çykýan The Light britan gazetiniň sahypalarynda, Fransiýadaky türki halklarynyň Hodri Meydan maglumat portalynda makalalar çap edildi.

Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi uly üstünlik bilen geçirildi. Oňa tutuş dünýäden myhmanlar gatnaşdylar. Hepdeligiň çäklerindäki çäreler Fransiýanyň we beýleki halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde beýan edildi.

Medeni çäreler Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasyndaky hymatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşmaça itergi berdi.

“Bu waka gatnaşyk etmegiň we netijeli medeni alşygyň, baý we köp öwüşginli medeniýet bilen tanyşmagyň pursady hökmünde biziň hakydamyzda hemişelik galar”, - diýlip makalada bellenilýär we Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Maksat Çaryýewe aýratyn hoşallyk bildirilýär.

ORIENT news

Foto: fabukmagazine.com

Şeýle hem okaň: