Iň täze habarlar

Parižde Türkmenistan bilen Fransiýanyň saz ulgamynda hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

09.05.2024 | 12:41 |
 Parižde Türkmenistan bilen Fransiýanyň saz ulgamynda hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew Parižiň Ýokary sazçylyk mekdebiniň (L’ecole Normale de Musique de Paris Alfred Cortot) professory Sergeý Markarow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň diplomatik wekilhansy habar berýär.

Taraplar iki ýurduň ugurdaş bilim edaralarynyň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.

Hususan-da, Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Parižiň Ýokary sazçylyk mekdebiniň zehinli pianinoçylary taýýarlamak ugrunda özara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Parižiň Ýokary sazçylyk mekdebi Fransiýanyň medeni abraýyny belende götermek we bitewi pedagogika arkaly beýik mugallymlary hem-de zehinli sazandalary terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen, XX asyryň iň beýik pianinoçylarynyň biri bolan Alfred Korto tarapyndan esaslandyryldy. Häzirki wagtda bu bilim edarasynda dürli ýurtlardan, şol sanda Hytaýdan, Ýaponiýadan, Russiýadan we Koreýadan gelen talyplar bilim alýarlar.

Parižiň Ýokary sazçylyk mekdebiniň professory Sergeý Markarow meşhur pianinoçydyr. Ol ÝUNESKO-nyň maksatnamalaryna we işlerine ygrarlydygy hem-de nusgawy sazlar arkaly medeniýetleriň dialogyna goşan goşandy üçin 2002-nji ýylda «ÝUNESKO-nyň parahatçylyk ugrundaky artisti» adyna mynasyp boldy.

ORIENT news

Foto: instagram.com/embassyturkmenistaninfrance

Şeýle hem okaň: