Iň täze habarlar

Gadymy Olimpiýada Pariž – 2024 oýunlarynyň alawy ýakyldy

17.04.2024 | 15:16 |
 Gadymy Olimpiýada Pariž – 2024 oýunlarynyň alawy ýakyldy

2024-nji ýylyň 26-njy iýulyndan 11-nji awgustyna çenli Parižde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň başlamagyna 100 gün galanda Gresiýadaky Gadymy Olimpiýada Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy.

Dabara Halkara Olimpiýa komitetiniň prezidenti Tomas Bah, Gresiýanyň Prezidenti Katerina Sakellaropulu, Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Shinas, «Pariž – 2024» Oýunlarynyň guramaçylyk toparynyň başlygy oni Estange, Fransiýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň başlygy we Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Dawid Lappartýen hem-de Parižiň häkimi Ann Idalgo gatnaşdy.

Tomas Bah öz çykyşynda Parižže geçiriljek Olimpiýa oýunlaryny adamzadyň kämilliginiň we agzybirliginiň nyşanyna öwürmegi maksat edinýän sportuň güýji barada belledi.

Indi 600-e golaý alaw göteriji alawy Fransiýa gelmezden ozal onlarça şäherden we arheologiki ýerlerden geçirerler. 26-njy aprelde bolsa 1896-njy ýyldaky ilkinji häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň geçirilen ýeri bolan Afinydaky «Panatinaikos» stadionynda alaw «Pariž – 2024» Oýunlarynyň guramaçylaryna gowşurylar.

8-nji maýda aaw Marsel şäherine getiriler, şondan soň ol Fransiýanyň 400-e golaý şäherine we ýurduň çäklerinden daşarky käbir nokatlaryna (Gwadelupa, Fransuz Gwianasy, Martinika, Fransuz Polineziýasy, Reýunýon we Täze Kaledoniýa) iberiler. Olimpiýa alawy 26-njy iýulda Pariždäki açylyş dabarasyna getiriler.

ORIENT news

Foto: france24.com

Şeýle hem okaň: