Çendu türkmenistanlylary Halkara bagçylyk sergisine çagyrýar
17.04.2024 | 09:33 |Hytaýyň Günorta-Günbatarynda Syçuan welaýatynda ýerleşýän Çendu şäheri daşary ýurtly myhmanlary, şol sanda Türkmenistanyň wekillerini halkara bagçylyk sergisine çagyrýar.
Sergi 26-njy aprelden 28-nji oktýabr aralygynda geçirilip, onda Hytaýyň we tutuş dünýäniň dürli bag ekinleri görkeziler.
186 günlük çäräniň dowamynda 2 müňden gowrak dürli çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Sergä taýýarlyk görmegiň çäklerinde, şäherde dürli ulgamlardaky hyzmatlar toplumlaýyn gowulandyryldy. Şu güne çenli 113 sergi seýilgäh zolaklary we esasy meýdançada alty iri pawilion guruldy, şeýle hem serginiň dört şahamçasynda gurluşyk işleri tamamlandy.
Serginiň Wenszýan raýonyndaky şahamçasy “bonsaý” äheňinde bezeler, Sinszin raýonyndaky şahamçada bolsa esasy orun agronomiýa ugruna degişli bolar. Pidu etrabyndaky şahamça güllere, Sýunlaýdaky şahamça bolsa biodürlülik ugruna bagyşlanar. <p style=”text-align: right”>ORIENT news