Iň täze habarlar

«Oppengeýmer» «Oskar» dabarasynda iň gowy film diýlip yglan edildi

11.03.2024 | 14:04 |
 «Oppengeýmer» «Oskar» dabarasynda iň gowy film diýlip yglan edildi

Režissýor Kristofer Nolanyň «Oppengeýmer» atly filmi 69-njy «Oskar» dabarasynda «Iň gowy film» ugry boýunça ýeňiji boldy. Film 13 ugur boýunça dalaşgärlige hödürlenip, şolaryň ýedisinde – iň gowy motaž, iň gowy operatorlyk işi, iň gowy ses ýazgysy ugurlarynda ýeňiji boldy diýip, «RIA Nowosti» habar berýär.

Bu ugurda baýraga dalaş edenleriň arasynda Martin Skorsezenň «Gülli Aýyň ganhorlary», Greta Gerwigiň «Barbi», Žýustin Triýeniň «Ýere gaçmagyň anatomiýasy», Aleksandr Peýniň «Galdyrylanlar», Kord Jeffersonyň «Amerikan çeper edebiýaty», Bredli Kuperiň «Maestro», Selin Sonyň «Geçen ömürler», Ýorgos Lantimosyň «Görgüli bagtsyzlar» we Jonatan Gleýzeriň «Gyzyklanma zolagy» filmleri bar.

«Iň gowy režissýor» diýen baýraga mynasyp bolan Kristofer Nolanyň filminde atom bombasyny döreden Robert Oppengeýmer barada gürrüň berilýär. Film Kaý Býordyň we Martin Şerwiniň «Oppengeýmer. Amerikan Prometeýiniň ýeňşi we betbagtlygy» atly kitabyna esaslanýar hem-de alymyň durmuşynyň esasy wakalaryny öz içine alýar.

«Oskar» baýragyna laýyklykda, iň gowy aktýorlar, garaşylyşy ýaly, «Oppengeýmer» filmi üçin Kilian Merfi we «Görgüli bagtsyzlar» filmi üçin Emma Stoun boldy. Şeýle hem Dawaýn Joý Rendolf («Galdyrylanlar») we Robert Dauni-kiçi («Oppengeýmer») ikinji derejeli iň gowy aktrisa we aktýor hökmünde saýlandylar.

Iň gowy özboluşly ssenariýa üçin baýraga Žýustin Triýeniň we Artur Harariniň «Ýere gaçmagyň anatomiýasy» filmi mynasyp boldy. Iň gowy uýgunlaşdyrylan ssenariýa baýragy «Amerikan çeper edebiýatyna» gowşuryldy.

Jonatan Gleýzeriň «Gyzyklanma zolagy» atly filmi «Iň gowy daşary ýurt çeper filmi», Haýao Miýadzakiniň «Oglanjyk we guş» multfilmi «Iň gowy animasiýa filmi» baýragyna mynasyp boldy.

Ýeri gelende bellesek, Amerikan kinoakademiýasynyň baýragynyň gowşurylyş dabarasy duşenbe gününe geçilýän gije Los-Anjelesdäki «Dolby» teatrynda geçirildi. «Oskar» ady bilen tanalýan Amerikanyň kinematografiýa sungatlary we ylymlary akademiýasynyň baýragy 1929-njy ýylda döredildi we kino sungatynyň ösmegine goşant goşýan şahsyýetlere gowşurylýar.

ORIENT news

Foto: filmden pursat

Şeýle hem okaň: