Türkmenistanly talyp konsertmeýster sungaty we ansambl ýerine ýetirilişi boýunça halkara bäsleşiginiň baýragynyň eýesi boldy
15.03.2024 | 10:29 |Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň 5-nji ýyl talyby Annaoraz Döwletow «Non Solo» atly konsertmeýster sungaty we ansambl ýerine ýetirilişi boýunça II halkara bäsleşiginiň baýragynyň eýesi boldy.
«Ansambl ýerine ýetirişi» ugry boýunça uzak aralykdan bäsleşikde çykyş eden Annaoraz norwegiýaly kompozitor Edward Grigiň wiolonçel we fortepiano üçin Sonatasyny ýerine ýetirdi. Ýokarda agzalan bilim edarasyna wekilçilik edýän Amannazar Arslanow konsertmeýsterlik etdi.
Annaoraz Döwletow üçünji derejeli diploma mynasyp boldy.
Ýaş wiolençelça Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansambly kafedrasynyň uly mugallymy Swetlana Kasparowa halypalyk etdi.
Emin agzalarynyň düzümine görnükli sazandalar – ýerine ýetirijiler, Moskwadaky ýöriteleşdirilen orta we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary girdi.
«Non Solo» bäsleşigi N.A.Alekseýew adyndaky Çagalar aýdym-saz mekdebiniň Döwlet býudjet bilim edarasynyň we Russiýanyň pianinoçylar-konsertmeýsterler gildiýasynyň goldawy bilen amala aşyrylýar.
ORIENT news