Türkmenistanyň we Eýranyň serhedinde Nowruz baýramy mynasybetli bilelikde festiwal geçiriler
10.03.2024 | 23:17 |Nowruz baýramy mynasybetli türkmen-eýran serhedinde festiwal geçiriler. Bilelikdäki eýran-türkmen festiwalynyň Eýranyň demirgazyk-gündogar sebitindäki Horasan Razawi sebitindäki Bajygyran etrabynda geçiriljekdigi barada ýurduň Medeniýet we yslamy ugrukdyrmak ministrliginiň sebitleriň işi boýunça Baş direktory mälim etdi diýip, "IRNA" habarlar agentligi habar berýär.
Noruz baýramyna bagyşlanan bilelikdäki şeýle medeni çäreler Aşgabadyň günortasynda ýerleşýän Howdan-Bajygyran serhetýaka zolagynda öňki ýyllarda hem geçirilipdi. Onuň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, senetçileriň bezeg önümleriniň umumy sergisi, iki ýurduň estrada ýerine ýerine ýetirijileriniň we folklor-etnografiýa toparlarynyň çykyşlary guralýar.
Türkmenistan bilen Eýrany hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we taryhy umumylyklar özara baglanyşdyrýar. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň we sebit gatnaşyklarynyň ösüşiniň çäklerinde ynsanperwer hyzmatdaşlyga iki ýurt hem aýratyn ähmiýet berýär.
ORIENT news