Iň täze habarlar

Kompozitorlaryň arasynda "Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna saz eserleri" atly döredijilik bäsleşigine gatnaşjaklaryň ýüztutmalary kabul edilýär

08.03.2024 | 18:38 |
 Kompozitorlaryň arasynda "Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna saz eserleri" atly döredijilik bäsleşigine gatnaşjaklaryň ýüztutmalary kabul edilýär

Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky "Dutaryň owazy" atly 8-nji halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän "Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna saz eserleri" atly döredijilik bäsleşigine ýüztutmalaryň kabul edilip başlanandygyny habar berýär.

Ýewraziýanyň we Russiýanyň kompozitorlar birleşiginiň ýardamy bilen guralýan döredijilik bäsleşigi ýaş kompozitorlaryň öz zehinlerini dünýäde ykrar edilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bäsleşik iki tapgyrda geçirilip, oňa dünýäniň islendik ýurdundan sazandalar gatnaşyp bilerler.

1-1.jpg

Bäsleşigiň maksady häzirki zaman sungat işgärleriniň dünýä medeniýetiniň beýik mirasyna aralaşmaklaryna itermekden, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky sungat diliniň birligini ýaýmakdan we häzirki zaman kompozitorlarynyň döredijiligini wagyz etmekden ybarat bolup durýar.

Häzirki dünýämiz dürli gapma-garşykyklara sezewar bolýar. Bir tarapdan ykdysadyýetiň globallaşmagy, tehnikalaryň ählumumy häsiýete eýe bolmagy, bitewi sanly giňişligiň döredilmegi, başga bir tarapdan halklaryň etniki özboluşlulygyny saklamaga çalyşmagy, geçmişden galan ýatlamalar dünýä akymynda her bir halkyň hereketini kesgitleýär.

2-2.jpg

Sungat döwrüň wehimlerine seslenmäge gönükdirilendir. Dünýäniň ähli halklary üçin düşnükli dil bolan aýdym-saz umumy adamzat idellaryna ünsi çekmek we halklara mahsus ruhy gymmatlyklary beýan etmek bilen özara düşünişmegiň we özüňi ykrar etdirmegiň wezipelerini üstünlikleri çözýär.

Mundan başga-da, saz içerki mukaddeslikleri açmak bilen nätanyş diliň sözlerini hemmelere düşünkli edýär. Bu dünýä belli şahyrlaryň goşgularyna döredilen saz eserleriniň we romanslaryň meşhurlygynda hem aýdyň göze ilýär. Şeýle saz eserleri goşgulardan hem has lezzetli ýaňlanyp, ony has-da meşhur edýär. Saz we şygryýet halk döredijiliginiň bitewi saz-şygryýet akabasyndan gözbaş alýar. Aedleriň, gusanlaryň, guslýarlaryň we bagşylaryň ýerine ýetirýän aýdym-sazlary muňa degişlidir.

3-2.jpg

Sazçylygyň dürli žanrlarynda we ugurlarynda ýerine ýetirilýän kompozitorlaryň eserleri häzirki zaman ýerine ýetirjilik ussatlygyny baýlaşdyrmak ýaly möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Dünýäniň şygryýet gaznasynyň binýadynda häzirki zaman akademiki wokal sazlarynyň bolmazlygy sazçylyk sungatynyň möhüm zerurlyklarynyň biridir. 18-nji asyryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şeýle gazna altyn harplar bilen ýazylandyr.

Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky "Dutaryň owazy" atly 8-nji halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komitetiniň kompozitorlaryň arasynda guraýan döredijlik bäsleşigi Magtymgulynyň döredijilik mirasyna ünsi çekmäge gönükdirilendir.

4-1.jpg

Döredijilik bäsleşigine gatnaşmak üçin ýaş çäklendirmesi girizilmedikdir. Kompozitorlar ses we fortepiano ýa-da sazçylyk ansambly üçin özleriniň döreden akademiki eserlerini bäsleşige hödürläp bilerler. Hödürlenjek eserler öň hiç ýerde ýerine ýetirilmedik we hiç bir bäsleşige hödürlenmedik bolmalydyr.

Bäsleşige hödürlenýän eserler şu ýylyň 1-nji marty - 1-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. Bäsleşige hödürlenen iň gowy saz eserleri 29-njy oktýabrda Russiýanyň Döwlet kitaphanasynda, Paşkowa öýüniň konsertler zalynda geçiriljek "Magtymguly we onuň dünýä medeniýetindäki orny" halkara ylmy-amaly maslahatynyň dowamynda ýerine ýetiriler. Şonda bäsleşigiň ýeňijileriniň işleriniň nota ýygyndysy bilen tanyşdyryş dabarasy bolar.

Bäsleşige hödürlenýän eserlere baha bermäge Russiýanyň we Türkmenistanyň meşhur sungat işgärler, kompozitorlar, saz öwreniji alymlary, mugallymlar çagyrylar.

processed-fc7b89f8-5bd7-484f-ae99-b9cfbe203a6c_1WMhAycD-1.jpeg

Bäsleşigiň birinji we ikinji tapgyrynyň netijeleri "Dutaryň owazy" festiwalynyň web-saýtynda köpçülige ýetiriler.

Bäsleşik barada doly maglumaty şu ýerden alyp bilersiňiz.

ORIENT news

Foto: Moskwanyň Nury Halmämmedow adyndaky "Dutaryň owazy" atly 8-nji halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti

Şeýle hem okaň: