Iň täze habarlar

Sankt-Peterburg şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellendi

02.03.2024 | 13:52 |
 Sankt-Peterburg şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy bellendi

Sankt-Peterburgyň dolandyryş edarasynyň we Milletler öýüniň ýakyndan ýardam etmeginde Sankt-Peterburg şäherindäki Türkmenleriň "Mekan" medeni jemgyýeti hem-de "Anima" bilim merkezi bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli interaktiw çäre guradylar. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy habar berýär.

"Türkmenistan. Magtymguly Pyragynyň beýik mirasy" ady bilen geçirilen çäräniň çäklerinde guralan sergide şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri bu ýere gelenlere görkezildi.

Türkmenleriň "Mekan" medeni jemgyýetiniň ýolbaşçysy Nurgeldi Seýidow özüniň çykyşynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen halkara taslamalary ilerletmekde berýän ýakyndan goldawy üçin Türkmenistanyň we Sankt-Peterburgyň Hökümetlerine hoşallyk bildirdi.

Sankt-Peterburgyň Daşary aragatnaşyklary boýunça komitetiniň başlygy Ýewgeniý Girgorýew çärede eden çykyşynda türkmen milli medeniýetini täze mazmun bilen baýlaşdyrmakda uly goşandy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýetini belledi.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy

Şeýle hem okaň: