Iň täze habarlar

Türkmen telekeçileri Täjigistan bilen gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär

01.03.2024 | 12:54 |
 Türkmen telekeçileri Täjigistan bilen gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýär

Türkmenistanyň ilçisi Aýmyrat Goçmyradowyň Täjigistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Haýdar Rajapow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan söwda-ykdysady ulgamyndaky ikitaraplaýyn türkmen-täjik özara hereketlerini has hem işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistany Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Bu ugurda, ýeňil senagaty, nebitgaz pudagy, azyk önümleri, şeýle-de agrosenagat toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has hem ilerledilmegi üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda aýratyn bellenilip geçildi.

Täjik tarapy türkmen tarapynyň Duşenbe şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak boýunça başlangyçlaryny oňlamak bilen, bu ugurda dostlukly döwletiň onuň mümkin bolan tiz wagtda açylmagy hem-de işiniň doly gurnalmagy babatynda zerur bolan ýardamlary bermäge hemmetaraplaýyn taýýarlygyny mälim etdi.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy

Şeýle hem okaň: