Iň täze habarlar

Belli özbek aýdymçylarynyň Magtymgulynyň goşgularyna aýdan aýdymlaryna bagyşlanan konsert guralar

29.02.2024 | 19:34 |
 Belli özbek aýdymçylarynyň Magtymgulynyň goşgularyna aýdan aýdymlaryna bagyşlanan konsert guralar

Türkmenistanda we Özbegistanda beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden baýram edýär. Türkmen nusgawy şahyrynyň dost-doganlyga çagyrýan, türkmen we özbek halklarynyň ruhy ýakynlygyny has-da baýlaşdyrýan döredijiligine bagyşlanyp, iki goňşy ýurtda hem medeni we wazgy-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär.

2-nji martda Aşgabat şäherinde “Mugallymlary ýatlap” ady bilen adaty bolmadyk çäre geçiriler. Ol Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we “Sanly hasap” hususy kärhanasy bilen bilelikde guralýar. Aýdym-sazly şüweleň “Watan” kinokonsert merkezinde geçiriler.

Özbegistanyň ilçihanasynyň habar bermegine görä, ýaş zehinli türkmen aýdymçysy Yzzat Möwlanow meşhur özbek aýdymçylary we kompozitorlary – Şerali Žuraýewiň, Ohunžon Madaliýewiň, Komilžon Otaniýozowyň, Bobomurad Hamdamowyň, Hurşid Rasulowyň we beýlekileriň Magtymgulynyň goşgularyny özbek dilinde aýdym edip aýdyşyna bagyşlap konsert berer.

Çäräni guraýjylar Magtymgulynyň döredijiliginiň özbek dilinde aýdym edilip aýdylyşyny diňlemäge çagyrýar.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: