Iň täze habarlar

Wýetnam Hytaýdan soň dünýäniň iň iri ikinji smartfon eksport edijisi boldy

29.02.2024 | 20:26 |
 Wýetnam Hytaýdan soň dünýäniň iň iri ikinji smartfon eksport edijisi boldy

Wýetnam Hytaýdan soň dünýäniň iň iri ikinji smartfon eksport edijisi boldy.

Ol bu görkeziji boýunça soňky ýyllarda smartfonlaryň eksportyna uly üns berýän Hindistandan öňe geçdi.

2022-nji ýyla çenli Wýetnam dünýä bazaryndaky smartfon eksportynyň paýyny 12 göterime çenli ýokarlandyrdy, Hindistan bolsa 2,5 göterim bilen ýedinji orna düşdi. Ol smartfon eksporty boýunça ozal ikinji orunda duran Günorta Koreýany hem yzda galdyrdy.

Wýetnam eýýäm birnäçe ýyl bäri Hytaýa garaşlylygyny azaltmak isleýän kompaniýalary özüne çekýär. Hytaý hem öz gezeginde, öňdebaryjy bolmagynda galýar. Hytaý dünýädäki smartfonlaryň ýarysyny eksport edýär.

Wýetnamyň çalt depginler bilen ösüşi dünýäde ykjam telefonlary iň köp import edýän ABŞ-da smartfon bazarynyň yzygiderli ösmegi bilen baglanyşyklydyr. 2018-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli ABŞ-nyň smartfon importynda Wýetnamyň paýy 9%-den 18%-e çenli ýokarlandy.

Dünýädäki beýleki esasy smartfon eksport edijileriniň hatarynda Gonkong, BAE, Çehiýa we ABŞ ýaly döwletler bardyr.

ORIENT news

Foto: stranabolgariya.ru

Şeýle hem okaň: