Iň täze habarlar

Azerbaýjandaky Ýanardag Taryhy we medeni ýadygärlikleriň eldegrilmesiz sanawyna girizildi

27.02.2024 | 19:33 |
 Azerbaýjandaky Ýanardag Taryhy we medeni ýadygärlikleriň eldegrilmesiz sanawyna girizildi

Degişli çözgüde Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow gol çekdi diýip, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdi. Resminama laýyklykda, ýurduň Taryhy we medeni ýadygärlikleriň eldegrilmesiz sanawynyň “Binagärlik ýadygärlikleri” bölümine “Ýanardag” döwlet taryhy-medeni we tebigy goraghanasy hem-de XVII-XVIII asyrara degişli Muhammedli obasyndaky Alidaşy mukaddes ýeri girizildi.

“Ýanýan dag” diýmegi aňladýan bu täsin ýer Baku şäherinde 27 kilometr uzakda, Apşeron ýarym adasynda ýerleşýär. Bu ýerde ini 10 metre uzaýan çäkde ýeriň astyndaky iri gaz käninden bölünip çykýan tebigy gazyň esasynda alaw ýanýar. Aýdylyşyna görä, bu alaw 4 müň ýyldan bäri ýanyp, hiç wagt öçmändir.

Iri nebitgaz ýurdy hökmünde Azerbaýjanda Ýanardag ýaly ýerler başga-da köp. 13-nji asyryň meşhur syýahatçysy Marko Polo hem bu sebite syýahatynyň dowamynda şäheriň töwereginde ýanýan baky alawlar barada ýazypdyr.

Ýer ýüzünde tebigy esasda ýanýan şunuň ýaly alawly ýerler başga-da bardyr. Şolaryň biri hem Türkmenistanyň Derweze diýen ýerinde ýerleşýär. Ol özüniň täsin görnüşi we göwrümi bilen jahankeşdeleri haýrana goýýar.

ORIENT news

Foto: gobaku.ru

Şeýle hem okaň: