Russiýanyň Etnografiýa muzeýinde Türkmenistanyň medeniýeti tanyşdyryldy
27.02.2024 | 15:43 |Russiýanyň Etnografiýa muzeýinde peterburglylara yssy howaly Türkmenistanyň köp öwüşginli aýratynlklary we ajaýyp sazlary tanyşdyryldy. Bu barada “Sankt-Peterburg” teleýaýlymy habar berýär.
Bellenişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletiniň köp öwüşginli medeniýeti – nepis halylardan başlap milli lybaslara, ahalteke atlaryna degişli gymmatlyklara çenli muzeýiň Mermer zalyna gelenlere görkezildi.
Bu sergi beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.
Rus teleýaýlymynyň mälim etmegine görä, şu ýylyň iýun aýynda Sankt-Pterburgyň merkezinde türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň ýadygärligi gurlar.
ORIENT news