Iň täze habarlar

Magtymgulynyň mirasy barada filmiň bir bölegi Britaniýadaky kitaphanada düşüriler

26.02.2024 | 19:04 |
 Magtymgulynyň mirasy barada filmiň bir bölegi Britaniýadaky kitaphanada düşüriler

Beýik Britaniýanyň kitaphanasy “Magtymguly Pyragynyň golýazma mirasy” atly dokumental filmiň bir böleginiň düşürilýän ýeri bolar. Onda Beýik Britaniýanyň Milli kitaphanasynda saklanylýan beýik akyldar türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalary, bu ýerde işleýän işgärleriň gürrüňleri we bu ýerde düşüriljek täsirli kino lentalary filmiň esasyny düzer.

1-2.jpg

Türkmen kino öndürijileriniň Londona saparyny guramak meseleleri Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçisi Ýazmyrat Serýaýewiň Beýik Britaniýanyň “British Library” kitaphanasynyň Halkara aragatnaşyklar boýunça direktory Marsiýe Hopkins bilen geçiren duşuşygynda maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi duşenbe güni habar berdi.

Bulardan başga-da, “British Library” kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli golýazmalar institutynyň we beýleki kitaphanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

2-1.jpg

Duşuşygyň dowamynda “British Library” kitaphanasynyň gaznasyna türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan - Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby hem-de “Arkadag şäheri – geljegiň şäheri” atly kitap sowgat berildi.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: