Türkmen konserwatoriýasy 1-nji martda geçiriljek ilkinji bahar konsertine çagyrýar
24.02.2024 | 18:13 |1-nji martda Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň uly zalynda “Bahar joşguny” atly konsert geçiriler. Ol bahar paslynyň gelmegine we 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli ähli aýal-gyzlara bagyşlanýar.
Konserte Türkmenistanyň Halk artisleri Atageldi Garýagdyýew we Atajan Berdiýew Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow şeýle-de Ýelena Arakelýan, Žanna Saýýan, Mähri Orazowa, Kakajan Hudaýberdiýew, Darçiýa Ýekaterina, Mansur Şaripow Tylla Saryýewa dagylar çykyş ederler. Şeýle-de “Altyn asyr” baýragynyň eýeleri Begenç Gaýypow, Döwran Şammyýew, Dünýägözel Begalyýewa we başgalar sahna çykar.
Aýdym-saz gutlaglaryna döwlet we halkara ýaryşlarynyň baýragynyň eýesi Kerim Jumagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky “Joşgun” atly a-kapella hor topary gatnaşar. Konsertiň maksatnamasynda türkmen we daşary ýurtly kompozitorlaryň eserleri hem bar.
Tomaşaçylar üçin Türkmenistanyň Suratkeşler Bileleşiginiň agzasy Gunça Ýazmuhammedowanyň eserleriniň sergisi gurnalýar.
Konsert 18.00-da başlaýar. Giriş tölegsiz.
ORIENT news