Iň täze habarlar

Gazagystanyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli brifing geçirildi

24.02.2024 | 14:40 |
 Gazagystanyň Aktau şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli brifing geçirildi

Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherindäki konsullyk edarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň "Ýaşlar - Watanyň daýanjy" atly kitabynyň çapdan çykmagy we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Gazagystandaky diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Çärä Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň wekilleri, Gazagystanda ýaşaýan türkmenler we bu ýerde bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň dünýä mirasyna goşan goşandy barada gürrüň berdiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ilkinji kitaby, onuň baý many-mazmuny, hususan-da, ýaşlar üçin ähmiýeti barada giňişleýin söhbet edildi.

ORIENT news

Foto: Gazagystanyň Aktau şäherindäki Türkmenistanyň konsullyk edarasy

Şeýle hem okaň: