Iň täze habarlar

Hytaýda Merkezi Aziýanyň toprak-howa şertlerine niýetlenen motosikller öndürilip başlandy

02.02.2024 | 21:44 |
 Hytaýda Merkezi Aziýanyň toprak-howa şertlerine niýetlenen motosikller öndürilip başlandy

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Sinszýan sebitiniň Horgos diýen ýerinde Merkezi Aziýanyň toprak-howa şertlerine niýetlenen motosiklleriň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada "Ženmin žibao" neşiri habar berýär.

"Kingold" atly ýerli energetika tehnologiýalary kompaniýasyna degişli bolan önümçilik kärhanasynyň günde 1 müň motosikl öndürmäge mümkinçiligi bar.

Kompaniýa Merkezi Aziýa ýurtlaryna esasan, iki we fotogalwaniki elementli üç tigirli, şeýle hem ýangyjy içinde ýakýan hereketlenedirijili motosiklleri iberer.

Habar berlişine görä, 1200 motosikli özünde jemleýän taýýar önümleriň ilkinji tapgyry ýakyn wagtda Gazagystana ugradylar. Häzirki wagtda kärhana 20 müňden gowrak motosikli öndürmek üçin buýurmalary aldy.

Ýerli häkimiýet edaralary maýa goýumlary çekmek işini işjeňleşdirmegi we ýerli kärhanalaryň Merkezi Aziýa bazarlaryna ornaşmagy üçin ýardam etmegi meýilleşdirýär.

ORIENT news

Foto: people.com.cn

Şeýle hem okaň: