Iň täze habarlar

Suratlar: müňlerçe ýabany at Sinszýanyň garly düzlüginden barýarlar

11.01.2024 | 18:39 |
 Suratlar: müňlerçe ýabany at Sinszýanyň garly düzlüginden barýarlar

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynynyň Çžaousu Ili-Gazak uýezdinde garly düzlük boýunça erkana gezip ýören ýabany atlaryň sürüsini görmek bolýar. Bu barada “Ženmin žibao” neşiri habar berýär.

1.jpg

Toýnaklaryň hereketinden ýokary galýan gar tutuş meýdany doldurýar we haýran galdyryjy görnüşi emele getirýär.

2.jpg

Çžaousu uýezdiniň ilatynyň durmuşy gadymdan bäri at bilen baglanyşyklydyr. Soňky ýyllarda bu ýerde at bilen bagly dürli çäreler we çapyşyklar ýygy-ýygydan geçirilýär.

3.jpg

Garly düzlük boýunça çapyp barýan atlary synlamak jahankeşdelerde hem ýatdan çykmajak duýgulary döredýär.

4.jpg

Bu ýeriň gaýtalanmajak görnüşlerini adamlara ýetirmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdelerini wekilleri dürli gepleşikleri taýýarlaýarlar. Ýakynda “SWNS” teleýaýlymy bu ýeriniň ilatynyň durmuşy barada gürrüň berýän dokumental filmi surata düşürdi. Onda Içerki Mongoliýadaky bir adamyň garly, aýazly howada çukura gaçan bogaz aty halas etmek üçin elinden gelenini etmeginiň hekaýasy gürrüň berilýär.

5.jpg

At bütinleý hereketsiz diýen ýaly ýatyrdy. Ýerli ýaşaýjy çukura gaçan aty ýeke galdyryp bilmedi we ony halas etmek üçin dostlaryna jaň etdi. Netijede, ýörite awtoulag arkaly at halas edilýär.

Düşürilen dokumental filmde bu wakalar has täsirli beýan edilýär. At hiç zat bolmadyk ýaly erkin durmuşyna gaýtadan gaýdyp gelýär.

6.jpg

Sosial ulgamlarda atyň halas bolanyndan soň, bu ýeri terk etmän, adamlara minnetdarlygyň alamaty hökmünde seredendigi bellenýär.

ORIENT news

Foto: "Ženmin žibao" neşiri

Şeýle hem okaň: