Hytaýyň Türkmenistandaky ilçisi: Esasy sözlerde Hytaýa garaýyş (20-nji sany)
06.01.2024 | 01:04 |27-28-nji dekabrda Pekin şäherinde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň ýurduň daşary syýasy işine bagyşlanan maslahaty geçirildi. Onda HHR-iň Başlygy, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary, Merkezi harby geňeşiniň Başlygy möhüm ähmiýetli çykyş etdi.
Si Szinpin özüniň çykyşynda täze taryhy döwürde hytaý aýratynlyklaryny özünde jemleýän ýurduň taryhy üstünliklerine we diplomatiýasynyň gymmatly tejribesine toplumlaýyn syn berdi hem-de täze halkara şertleri göz öňünde tutmak bilen, daşary syýasy ugry alyp barmak üçin ýurduň öňünde duran taryhy wezipeleri kesgitläp, bu ugurda ýakyn we uzak geljek üçin giň gerimli meýilnamalary hödürledi. Bu makalada mejlisiň esasy mazmunyny 4 sany esasy sözde beýan etmek isleýärin.
Birinji esasy söz: Si Szinpiniň diplomatiýa baradaky ideýasy
Maslahatyň dowamynda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň 18-nji çagyrylyşyndan soň, ýurtda taryhy üstünlikleriň gazanylandygy hem-de täze döwürde hytaý aýratynlyklaryny özünde jemleýän sosilizmi ilerletmegiň ýolundaky daşary syýasat işinde uly özgertmeleriň bolandygy aýdyldy. Şeýle hem täze ösüşe eýe bolan hytaý diplomatiýasynyň nazaryýetinden we işinde täze mümkinçilikleri açan Si Szinpiniň diplomatiýa baradaky ideýasy tassyklanyldy. Si Szinpiniň diplomatiýa baradaky ideýasy - bu hytaý Lideriniň täze döwürde hytaý aýratynlyklary bilen utgaşan sosializm ideýasynyň möhüm bölegi, marksizmiň esasy ýörelgelerini Hytaý diplomatiýasy bilen utgaşdyrmakda teoretiki üstünlikdir. Ol täze döwürde hytaý diplomatiýasy üçin möhüm ýolbaşçylygy we ugrukdyrmagy özünde jemleýär.
Häzirki we geljek döwürde Hytaýyň daşary syýasy işinde Si Szinpiniň diplomatiýa baradaky idealaryndan ugur alnar. Ol Hytaýy döwrebaplaşdyrmagyň maksatlaryna we wezipelerine hyzmat eder hem-de özüne ynamlylyk, açyklyk, netijelilik, adalatlylyk, tarap tutmazlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerer. Biz adamzat üçin umumy geljegi bolan jemgyýeti gurmak mowzugyna esaslanyp, üýtgeýän şertlere laýyklykda strategiki meýilnamalaşdyryşy güýçlendireris, diplomatik meýilnamany çuňlaşdyrarys, kämilleşdireris, meselelere gönükdirilen çemeleşmä we toplumlaýyn pikirlere eýereris. Şeýle hem, hytaý diplomatiýasynyň strategiki maksatlaryny has köp ölçegli we hemmetaraplaýyn kesgitläris, has güýçli taryhy jogapkärçilik duýgusy bilen täze üstünliklere ýetmek üçin has kuwwatly innowasiýa ruhy bilen hereket ederis.
Ikinji esasy söz: Adamzadyň bitewi ykbalyny öz içine alýan jemgyýeti gurmak
Maslahatda adamzadyň bitewi ykbalyny özünde jemleýän jemgyýeti gurmagyň Si Szinpiniň diplomatiýa ideýasynyň esasy düşünjesidigi bellenildi. Bu konsepsiýa adamzat jemgyýetiniň tebigy ösüş kanunyna çuňňur düşünmek bilen gurşalan we nähili gurluşly dünýäni nädip gurmaly diýen soraglara biziň jogabymyzy görkezýär. Hytaý kommunistleriniň dünýägaraýşyny, tertip-düzgüne we gymmatlyklara bolan garaýşyny özünde jemleýän bu düşünje, dünýäniň ähli ýurtlarynyň halklarynyň umumy isleglerine laýyk gelýär we dünýä siwilizasiýalarynyň progressiw ösüşiniň ugruny görkezýär.
Hut, täze döwürde hytaý aýratynlyklaryny özünde jemleýän ýurduň diplomatiýasynyň asyl maksady hem şundan ybaratdyr. Soňky on ýylda adamzat üçin umumy geljegi bolan jemgyýet düşünjesi Hytaýyň başlangyjyndan halkara jemgyýetçiliginiň umumy islegine öwrüldi. Uzakdan görýän bu pikiriň esasynda dürli çäreler amala aşyrylýar, biziň döwrümizi ösüşe alyp barýan baýdak bolup hyzmat edýän tutuş bir ylmy ulgam döredilýär.
Umuman aýdanyňda, adamzat üçin umumy ykbaly özünde jemleýän jemgyýet düşünjesiniň esasy maksady uzak möhletli parahatçylyk, umumy howpsuzlyk we abadançylyk, açyklyk netijelilik bilen arassa hem-de ajaýyp dünýäni döretmekdir. Munuň üçin giň geňeşmeler, bilelikdäki tagallalar we umumy bähbitler esasynda ählumumy dolandyryşy ösdürmek zerurdyr.
Şunda ähliumumy adamzat gymmatlyklaryna eýermek, halkara gatnaşyklarynyň täze görnüşiniň emele gelmegine ýardam bermek, Ählumumy ösüş başlangyjyny, Ählumumy howpsuzlyk başlangyjyny we Ählumumy siwilizasiýa başlangyjyny durmuşa geçirmek, "Bir guşak - bir ýol" başlangyjynyň çäklerinde ýokary hil derjesine eýe bolan hyzmatdaşlygy amala aşyrmak, ähli ýurtlaryň kynçylyklara garşy durmak we umumy abadançylyga ýetmek ugrundaky tagallalaryny birleşdirip, parahatçylyk, howpsuzlyk, abadançylyk we ösüş üçin ýagty geljegi üpjün etmek möhümdir.
Üçünji esasy söz: Iki çagyryş
Maslahatda uly özgerişlikleriň örän çalt bolup geçýändigi bellenildi. Biziň döwrümizde dünýäde bolup geçýän taryhy ähmiýetli özgertmeler uly gyzyklanma eýe bolýar. Dünýämiz özgerişlik we aladaly garamaklyk döwrüne gadam basdy. Häzirki wagtda dünýäde ýüzbe-ýüz bolýan çynlakaý meseleleriň we kynçylyklaryň möçberini göz öňünde tutup, Hytaý deň hukukly we tertip-düzgünli köp polýar dünýäni döretmäge, şeýle hem hemmä elýeterli inklýuziw ykdysady globallaşma gatnaşmaga çagyrýar.
Deňhukukly we tertip-düzgünli köp polýar dünýäde uly we kiçi ýurtlaryň hemmesi deňdir, onda gegemoniýa we güýç ulanmak syýasaty ret edilýär we halkara gatnaşyklarynda demokratiýanyň ösdürilmegi goldanylýar. Köp polýarlyga tarap öňegidişligiň durnukly we netijeli häsiýetde bolmagy üçin her bir gatnaşyjynyň BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryny we ýörelgelerini goldamagy, halkara gatnaşyklaryň umumy kabul edilen esasy kadalaryny berjaý etmegi hem-de hakyky köptaraplaýyn hereket etmegi zerurdyr.
Umumy elýeterli we inklýuziw ykdysady globallaşma ähli ýurtlaryň, esasanam ösýän ýurtlaryň umumy zerurlyklaryny kanagatlandyrýan we serişdeleriň global paýlanyşy netijesinde ýurtlaryň arasyndaky we içerki deňsizligi ýeterlik derejede çözmegi aňladýar. Howpsuzlyk konsepsiýasyny hyýanatçylykly ulanmak synanyşyklaryna düýbünden garşy durmak we şol bir wagtyň özünde birtaraplylygyň we proteksionizmiň ähli görnüşlerine garşy çykmak, söwda we maýa goýumlaryň liberallaşdyrylmagyny, ýeňilleşdirilmegini aýgytly öňe sürmek, dünýä ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine päsgel berýän gurluş meselelerini ýeňip geçmek möhüm bolup, has açyk, inklýuziw, umumy elýeterli we deňagramly ugurlarda ykdysady globallaşmagy öňe sürmelidir.
Hytaý tarapy deňhukukly we düzgün-tertipli köp polýar dünýä we ähliumumy we inkýuziw ykdysady globallaşma ählumumy tendensiýa hökmünde halkara jemgyýetçiliginiň gyzyklanmalaryna gabat gelýändigine ynanýar. Hytaý tarapy olary daşary syýasatda we halkara hyzmatdaşlykda işjeň durmuşa geçirer we bütin dünýäniň we adamzadyň ösüşine hemişe goşant goşar.
Dördünji esasy söz: Gymmatly tejribe
Maslahatyň dowamynda täze döwrüň daşary syýasatynda möhüm gymmatly tejribäniň toplanandygy bellenildi. Birinjiden, ýörelgelere berk eýermek gaty möhümdir. Adamzadyň geljegi we dünýäniň ugry bilen baglanyşykly möhüm meselelerde aç-açan we pugta garaýyş eýelemeli, iň ýokary halkara ahlak ýörelgelerini goldamaly hem-de dünýämiziň aglaba köplügini birleşdirmeli we olaryň garaýyşlary goldanylmaly. Ikinjiden, iri döwlet hökmünde jogapkärçiligi öz üstüne almaly. Garaşsyzlyk ruhuny goldamaly, parahatçylykly ösüş we ählumumy durnuklylyk we abadançylyk ugrunda çykyş etmeli. Üçünjiden, ulgamlaýyn pikir ýöretmek örän wajypdyr. Taryha we umumy ýagdaýlara dogry düşünmek bilen, bar bolan ýörelgelere göz aýlamaly, utgaşykly çemeleşmeli we başlangyjy dolandyrmaly.
Dördünjiden, binýatlaýyn ýörelgeleri goldamak we täze gözýetimleri açmak möhümdir. Nazaryýetde we tejribede täzelikleriň üstünde yzygiderli işlemek bilen, hytaý diplomatiýasynyň ajaýyp däp-dessuryna we esasy ugruna eýermeli. Bäşinjiden, söweşjeň ruhumyzy goldamak möhümdir. Güýç ulanmak syýasatyny we gorkuzmagyň ähli görnüşlerini ret etmeli we milli bähbitleri we hormatlylygy berk goramalydyrys. Altynjy, institusional aýratynlyklarymyzy ulanmalydyr. Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň merkezleşdirilen, bitewi ýolbaşçylygy astynda ähli sebitler we bölümler hereketlerini biri-biri bilen utgaşdyrmaly we kuwwatly sazlaşygy döretmelidir.
Sýan Naýçen, HHR-iň Türkmenistandaky ilçisi.