Iň täze habarlar

Hytaýda öndürilen ilkinji ýolagçy gämi täjirçilik maksatly ilkinji syýahatyna ugrady

01.01.2024 | 20:19 |
 Hytaýda öndürilen ilkinji ýolagçy gämi täjirçilik maksatly ilkinji syýahatyna ugrady

“Adora Magic City” diýlip at berlen Hytaýyň uly göwrümli ilkinji ýolagçy gämisi Şanhaýyň portundan ilkinji söwda syýahatyna ýola çykdy. Başgaça "Adoranyň Jadyly şäheri" diýlip atlandyrylýan gämi deňiz duralgasyndan Günorta Koreýa we Ýaponiýa syýahata ugrady.

135,500 tonnalyk göwrümi bolan gäminiň uzynlygy 323,6 metr bolup, 5224 ýolagçyny kabul edip bilýän jemi 2112 otagy bar. Gäminiň 16 gaty we jemi 40 müň inedördül metrlik dynç alyş meýdançasy bar. Bu barada "Sinhua" habarlar agentligi mälim edýär.

1.jpeg

Aňrybaş derejede gurlan gämi Hytaýyň ösýän orta gatlagyna we halkara syýahat isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilendir.

Bu mundan ozal esasan ýewropaly gämi gurluşykçylaryň agdyklyk pudagyna Hytaýyň ilkinji aralaşmasydyr. “Adora Magic City” gämisiniň düzümlerini esasan halkara öndürijiler üpjün etdi. Bu babatda Hytaý geljekde öz üpjünçilik zynjyryny döretmegi hem meýilleşdirýär. Hytaýyň ilkinji ýolagçy uçary "C919" geçen aý Hytaýyň ýerleşýän yklymyndan daşary ilkinji uçuşyny hem ýerine ýetiripdi. Bu çylşyrymly taslamalar Hytaýyň daşary ýurt tehnologiýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmagyň ýolunda esasy ädimlerdir.

ORIENT news

Foto: chinadaily.com.cn

Şeýle hem okaň: