2024-nji ýylyň şygary "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" diýlip yglan edildi
29.12.2023 | 23:10 |Hökümet we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etmek hakynda Mejlisiň Karary okaldy.
Bu mejlis Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda "Ruhyýet" köşgünde geçirildi.
Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşykly atlandyrmak, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipleri göz öňünde tutup, 2024-nji ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip atlandyrmak barada Mejlisiň kararynyň taýýarlanylandygyny mälim etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanynyň garamagyna geljek ýylyň nyşany hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti beýan edilen teklibi makullap, 2024-nji ýylyň şygaryny “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan etdi.
ORIENT news