Hytaýda uçarmansyz ýolagçy uçarlary üçin ilkinji merkez açyldy
27.12.2023 | 22:02 |Hytaýyň günortasyndaky Şençžen megapolis şäherinde uçarmansyz ýolagçy uçarlarynyň gatnawlary üçin howa merkezi açyldy. Bu barada “Sinhua” habarlar agentligi mälim edýär.
Şäheriň 4500 inedördül metrlik howa gatnawlaryny dolandyryş merkezi özünde uçuş-gonuş meýdançasyny, uçar angaryny we dispetçer merkezini özünde jemleýär.
Bu merkez pes belentlikdäki şäher howa gatnawlaryny dolandyrmak bilen, geljekde bu ýerden şäher gözelliklerine hem syýahatlar guralar.
Hytaýyň uçarmansyz uçarly öndürýän öňdebaryjy “DJI” kompaniýasy Şençžen şäherinde pes belentlikdäki uçuşlary ösdürip, ykdysadyýetiň ösüşine goldaw bermegi maksat edinýär. Şäher häkimligi öz gezeginde pes belentlikde ýolagçy we ýük daşamakda infrastrukturanyň amatly we täsirli ulgamyny döretmekde, şeýle hem pes belentlikdäki howa gezelençlerini guramakda ýurtda öňdebaryjy bolmak isleýär.
Şu ýylyň oktýabr aýynda Hytaýyň “Ehang” kompaniýasy özbaşdak ýolagçy howa taksileri üçin howa uçuşlaryna laýyklyk şahadatnamasyny alan dünýäde ilkinji kompaniýa boldy.
Bu uçarlar diňe bir adamlary daşamak üçin däl, eýsem ýük, derman ýa-da iýmit ýaly harytlary eltip bermek hyzmatynda ulansa hem bolýar. Şeýle hem olar tebigy betbagtçylyklar ýa-da adatdan daşary ýagdaýlarda hem ulanylyp bilner. Wagty tygşytlamakda netijeli boljak bu howa ulaglary zerur bolan lukmançylyk işgärlerini ýa-da enjamlaryny hadysanyň bolan ýerine çalt we ygtybarly eltip biler.
ORIENT news