Gymmatly daşlary ýygnaýjylar: Moskwanyň “Dutaryň owazy” atly 7-nji festiwalyndan galan täsirler
17.12.2023 | 20:32 |Soňky otuz ýyl bir döwür bitewi giňişlige ýaýylyp giden ýerlerimizde daşlaryň biderek ýaýramagynyň wagtyna öwrüldi. Ýatdan çykarmaga mynasyp bolmadyk näçe at, däp-dessur, nusgalyk mekdep ýatdan çykaryldy! Miras henizem oýlanyşyksyz zyňlyp göýberilýär. Birnäçe hepde mundan öň “Lenfilm” kinostudiýasynyň zibil üýşmeginde tapylan saz ýazylan kitaplara we arhiw bukjalaryna serediň-ä!
Bolsa-da, dünýämizde gymmatly daşlary ýygnaýan adamlar hem bar. Olar taryhyň tozan siňdiren mirasyny arassalap, rejeläp ýene adamlara gaýtaryp berýärler.
Ozalky Soýuz respublikalarynyň saz mirasyny gorap saklaýan adamlara aýratyn hormat bolsun. Olaryň zähmeti diňe bir ýatlanylmaga däl, eýsem nygtalmaga mynasypdyr.
Halmämmedowyň festiwalyna gatnaşmak üçin iberilen hoşniýetli çakylyk aýdym-saz arhiwinde yzygiderli işleýän we dünýä premýeralarynyň muşdagy üçin uly hormatdygyny ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin.
Sebäbi, şeýle çärelere özüň bilen pikirdeş adamlar üýşýär. Bu bolsa uly ajaýyplyk ahyry!
Şeýle çäräniň awtorlary bolsa, bagtyýar, sazanda maşgala Mämmet we Darýa Guseýnowlardyr. Olar örän gözel we zehinli adamlardyr. Olaryň biri ýokary derejeli kompozitor, beýlekisi bolsa gaýtalanmajak zehine eýe bolan “Gelikon operasynyň” artistidir. Bularyň ählisi özbaşdak we biri-biriniň üstüni dolýan ýakyn arabaglanyşykdyr.
Olar arassa döredijilik tagallalary bilen Soýuzyň sazçylyk mekdebiniň geçmişini dikeltmek ugrunda işlediler. Has dogrusy, Mämmet Guseýnowyň ata Watany Türkmenistanyň taryhyndaky saz eserleri janlandyryldy, rejelenip, täzeden çap edilip, ýarym ýatdan çykarylan sazlar täze owazda ýaňlandy.
Şeýlelikde, türkmen medeniýetiniň esasy wekilleriniň biri bolan Nury Halmämmedowyň ady dünýä gaýtadan gaýtarylyp berildi. Gysga ömürde ýatdan çykmajak eserleri döredendigi üçin ony ata Watanynda grek rowaýatlaryndaky aýdym-sazyň, lirikanyň hudaýy Orfeýe hem deňeýärler. Moskwada geçirilen Halmämmedowyň festiwaly milli çäklerimiziň we onuň daşyndaky ýurtlarda Orfeýleriň ýadygärligine goýlan uly hormat-mertebäniň nyşanydyr.
Bu festiwalyň esasy maksady Darýa Guseýnowa tarapyndan redaktirlenen Nury Halmämedowyň wokal aýdym-saz ýygyndysyny tanyşdyrmakdan ybarat boldy. Zurab Sereteliniň sungat galereýasynda geçirilen açylyş konsertinde eden ägirt ajaýyp işiniň netijeleri görkezildi. Onda dürli halklaryň saz dünýäsiniň dürli döwürleri we Ýewropadan Ýaponiýa çenli ýaýran romantizm akymy barada diňleýjileriň öňünde çykyş edildi. Awtor sungatyň bu ugrunda eziz bolan halk we milli aýratynlyklaryna gaýdyp gelýärdi. Ýere janlanyş bagyşlamaga ukyply islendik ussadyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy hem şundadyr.
Russiýanyň Gwardiýasynyň ajaýyp ýaşlar ansambly, solistler - häzirki zaman aýdym-sazynyň ýadawsyz hemaýatçysy, meşhur skripkaçy Leonora Dmiterko we ýaş zehinli pianinoçy Dariý Guseýnow dagylar Darýa we Mämmet Guseýnowlar bilen bilelikde sahnada çykyş etdiler. GITIS-iň uçurymy Ýana Kolomiýes Halmämedowyň iň meşhur wokal eseri - “Aýgytly ädim” filmindäki “Sallançak mukamy” sazyny ýerine ýetirdi. Şonda bir täsinlik bolup geçdi: zalda 1966-njy ýylda düşürilen filmde Aýnanyň keşbini ýerine ýetiren görnükli aktrisa Žanna Smelýanskaýa we “Sallançak mukamynyň” rus dilindäki terjimesiniň awtory bardy. Dürli döwürleriň döredijilik adamlarynyň duşuşyklary çäräniň ýatdan çykmajak wakasyna öwrüldi.
Men “Syýasy-medeni giňişlikde milli kompozitorçylyk mekdebiniň emele gelmeginiň meseleleri” atly tanyşdyryş maslahatyna çagyrylandygym üçin hoşallyk bildirýärin. Bu çäräniň guralmagynda Sankt-Peterburgyň N.A.Rimskiý-Korsakow adyndaky sazçylyk mekdebiniň uly mugallymy, medeniýeti öwreniji alym Tatýana Solodkowanyň hem-de dirižýor, kompozitor, Ýuliýa Ponomarenkonyň mugallymy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, saz öwreniji alymy Ýelena Osipowanyň uly goşandy bardyr. Olaryň tagallary netijesinde gymmatly pikirleri we meseleleri öňe sürýän ýaş, zehinli adamlary çykyş etmek üçin toplamak başartdy. Türkmenistanyň saz medeniýetiniň ýaş ösdürimleriniň çykyşlaryny diňlemek aýratyn gyzykly boldy. Olar häzirki wagtda zehinli ata-babalarynyň sungat ýoluny mynasyp dowam etdirýärler.
Meniň çykyşym bolsa, Russiýanyň halk artisti Kiril Wolkowanyň döredijiligi hem-de onuň Walentin Rasputiniň powesti esasynda döreden “Ýaşa we ýatla” atly meşhur operasynyň žanr ugurlary barada boldy.
Eminlere “Ýekelikde aýdym aýtmak”, “Ses ansambly” we “Hor” ugurlary boýunça hödürlenen işler uly gyzyklanma döretdi. Eminler toparynyň ýarym sözde düşünişmeleri ýaş zehinleri goldamak barada boldup, ondaky açyklyk , aýdyňlyk, adalatlylyk ýagdaýlary ýaşlary ruhlandyrdy. Şu ýerde eziz kärdeşlerim bolan Mämmet Guseýnowa, Ýuliýa Ponomarenko, Tatýana Solodkowa, ajaýyp ses mugallymlary Natalýa Suhanowa, Olga Morozowa, Darýa Guseýnowa, Irina Starodubsowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.
Festiwalda birnäçe döredijilik täzelikleri bolup geçdi. Onda gwatemalkaçy Karl Seladynyň rubinşteýnowly “Arwahy” ýerine ýetirmegi ýatdan çykmajak täsirlere beslendi. Maçawarianiniň ýüregi elendiriji, çuň mazmunly “Asman reňk” traktowkasy meşhur RimKoryň ýaş bäsleşige gatnaşyjy talyby Ýewa Nusubidze tarapyndan ýerine ýetirildi. Sahnda ajaýyp hytaý halk aýdymlary hem ýaňlandy. Umuman, konsertde ýaşlaryň ýerine ýetiren her bir çykyş aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Bäsleşige uzak aralykdan gatnaşyjylaryň - Türkmenistandan gelen bäsdeşleriniň döredijilik işleri ajaýyp duýgulary we umytlary döredýär. Olary eýelän baýrakly we diplomly orunlary bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de geljekde täze zähmet üstünliklerini arzuw edýärin.
GITIS-iň mugallymy hökmünde okuwçylarymyzyň mynasyp üstünliklerine begenip bilmedim. Iwan Popowskiniň we Ýuriý Konstantinowiç Laptewiň ussahanalarynyň zehinli wekillerine baýraklar gowşuryldy. Birinji orna Mariýa Mitýurewa, ikinji orna Ýana Kolomiýes we Kseniýa Grişina, üçünji orna hem Polina Kubyşkina, Ýelena Družinkina, Swetlana Seregina mynasyp boldy.
Bäsleşigiň iň gowy konsertçileri diýen diplomlara A.G.Şnitke adyndaky MGIM-niň talybyna we MPGU-da hor sungatynyň birnäçe wekillerini ýetişdiren Eduard Pobedinskiýniň ajaýyp sesi bilen GITIS-iň konsertmeýsteri, Mariýa Buýanowa eýe boldular.
Türkmenistandan konsertçi hökmünde Ýewgeniý Wiktorowiç Selýutiniň pianinoçy Ýeliseý Babanowyň ajaýyp işi aýratyn nygtaldy. Olaryň hödürlän aýdym-sazlary hakykatdan-da täsir galdyryjy boldy.
Festiwalyň Russiýanyň Sungat akademiýasynyň muzeý we sergi toplumynyň “Ýagşylygy we ýamanlygy bilmek” zalynda jemleýji konserti boldy. Milli jebislik gününde milli medeniýetleriň we däp-dessurlaryň ählumumy bitewiligi hakda gürrüňler edildi, aýdymdyr sazlar ýerine ýetirildi. Ýeňijiler, çagyrylan myhmanlar we emin agzalary özleriniň ussatlygy we zehini bilen tomaşaçylary begendirdiler.
Festiwal baradaky habarlaryň tutuş Moskwa dolmagy onuň indiki tapgyryna täze dalaşgärleriň gatnaşjakdygyny, döredijilik taslamalaryň hödürlenjekdigini we has-da köp çäreleri geçirip, gerimini giňeltmäge ýola çýar. Özi-de bu işleriň ählisi ýörite mahabatlandyryş işleri geçirmezden amala aşyryldy. Watan we halk öňünde azajygam bolsa peýdaly işi edýändigiňi duýup bilmeklik “Dutaryň owazy” atly festiwalyň guraýjylary we onuň gatnaşyjylary üçin uly hormat-sylagdyr. Milli mirasyň gymmat bahaly daşlaryny goraýanlara hormat bolsun!
Ýewgeniý Kirillowiç Wolkow, Russiýanyň dirižýory, hor sungaty boýunça ussat halypa, teatr ugry boýunça mugallym.