Sian 2023-nji ýylda Hytaý - Ýewropa ugry boýunça 5 müňden gowrak demir ýol ýük otlusyna hyzmat etdi
15.12.2023 | 21:11 |Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Şensi sebitiniň merkezi dolandyryş şäheri Sian şu ýylyň başyndan bäri Hytaý - Ýewropa ugry boýunça gatnadylan 5 müňden gowrak demir ýol ýük otlusyna hyzmat etdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15,6 göterim köpdür. Bu barada ýerli dolandyryş edarasy "Sinhua" habarlar agentligine mälim etdi.
Işe girizilen wagtyndan, ýagny 2013-nji ýyldan bäri geçen 10 ýylda Sian Hytaý - Ýewropa halkara demir ýol geçelgeleriniň çäklerinde 21,1 müňden gowrak demir ýol ýük otlusyna hyzmat etdi. Şeýlelikde, Sianyň halkara port stansiýasy degişli ugur boýunça 20 müňden gowrak otly düzümine hyzmat eden Hytaýdaky ilkinji demir ýol stansiýasy boldy. Şundan çen tutsaň, ortaça her 100 minutdan bu demir ýol stansiýasyna bir demir ýol ýük otlusy geldi ýa-da bu ýerden ugrady.
Häzirki wagtda Hytaý - Ýewropa ugrunyň 17 sany halkara ulag geçelgesi Sian şäheri bilen özara baglanyşyp, ol Ýewraziýa ugradylýan harytlaryň esasy merkezidir.
ORIENT news