Hytaýyň Çançun şäherinde 27-nji buz we gar festiwaly açyldy
14.12.2023 | 00:35 |Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Szilin sebitiniň merkezi şäherinde 27-nji Çançun buz we gar festiwaly açyldy. Onda 30-dan gowrak dynç alyş desgasy bu ýere gelýänlere hyzmat edýär.
Bu ýyl festiwal "Çançunyň buz we gar dünýäsi" atly seýilgähinde geçirilip, onuň 1,56 million inedördül metr çäginde 120 sany kompozisiýa döredilipdir. Munuň üçi 738 müň kub metr möçberdäki buz we gar ulanylypdyr. Bu barada "Sinhua" habarlar agentligi mälim edýär.
Çançunyň buz we gar festiwaly ilkinji gezek 1998-nji ýylda geçirilip, ol ýurduň iň iri gyşky baýramlarynyň biri hökmünde köp sanly jahankeşdeleri özüne çekýär.
"Ctrip" syýahatçylyk operatorynyň mälim etmegine görä, buzdan we gardan döredilen bu şäheri görmek üçin dekabr aýynda öňünden bron edilen biletleriň sany geçen ýylyň degişli aýyndakydan 628 göterim artypdyr. Gyşky syýahatçylygyň çäklerinde satylan toparlaýyn syýahatlaryň möçberi geçen ýylky bilen deňeşdireniňde 15 esse ýokarlanypdyr.
Çançunyň ýerli hökümetiniň wekilleriniň bellemegine görä, Szilin sebitinde buzdan we gardan döredilýän şäherçe adamlara täze güýç we ruhubelentlik eçilýär.
ORIENT news