Iň täze habarlar

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebitleýin direktory Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösýändigini belleýär

09.12.2023 | 20:47 |
 BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebitleýin direktory Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň ösýändigini belleýär

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary we bu guramanyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin direktory Iwan Ziwkowiç Türkmenistan bilen özara gatnaşyklaryň oňyn ösdürilendigini belledi.

Ziwkowiç hyzmatdaşlygyň görnetin ösdürilendigi we bilelikdäki ösüş maksatlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam edýän strategiki hyzmatdaş hökmünde BMG-niň Ösüş maksatnamasyna uly ynam bildirýändigi üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirdi.

Guramanyň sebitleýin direktory BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Durnukly saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ädim boljak täze taslamany durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy. Mundan başga-da, guramanyň taslamalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy belläp geçdi.

Gurama Türkmenistanda ygtybarly we netijeli sanly jemgyýetçilik infrastrukturasyny gurmak üçin global tejribesini we tehniki kömegini hödürleýär.

ORIENT news

Foto: Redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: