Iň täze habarlar

Ýewraziýanyň ulag geçelgelerini ösdürmegiň meýilnamasy tassyklanyldy

08.12.2023 | 17:16 |
 Ýewraziýanyň ulag geçelgelerini ösdürmegiň meýilnamasy tassyklanyldy

Ýewraziýanyň ulag geçelgelerini ösdürmegiň toplumlaýyn meýilnamasy tassyklanyldy. Bu barada Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Ýewraziýa ykdysady geňeşi tarapyndan tassyklanan resminama 10 çäräni öz içine alyp, ol Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň (ÝYB) ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Resminama 2021–2023-nji ýyllar üçin ÝYB-a agza ýurtlarynyň utgaşdyrylan ulag syýasatyny durmuşa geçirmegiň esasy ugurlaryny we durmuşa geçiriş tapgyrlaryny durmuşa geçirmek üçin ýol kartasyna laýyklykda taýýarlandy.

Hususan-da, Ýewraziýa ulag geçelgelerini ösdürmek üçin maksatnamalaýyn görkezijiler işlenip düzüler we bu ugurlar boýunça ýükleri aňsat usulda geçirmäge mümkinçilik berýän ulgamlar taýýarlanar.

“Bu resminama biziň ýurtlarymyz üçin örän möhümdir. ÝYB-niň bitewi ulag giňişligini mundan beýläk-de ösdürmek, “bäş” ýurduň ulag düzümleriniň ählumumy ulag ulgamyna goşulmagy, Bileleşigiň içinde üstaşyr geçrijilik kuwwatyny artdyrmak zerurdyr” diýip, Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň energetika desgalary boýunça ministri aýtdy.

Meýilnama düzülende agza ýurtlaryň Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň sanawyna girizilen ýol, demir ýol we port infrastrukturasynyň ösüşi baradaky maglumatlar peýdalanyldy.

ORIENT news

Foto: diritc.ru

Şeýle hem okaň: