Iň täze habarlar

Täjigistanda 600 müň tonna golaý miwe ýygnaldy

29.11.2023 | 10:03 |
 Täjigistanda 600 müň tonna golaý miwe ýygnaldy

Şu ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Täjigistanda 1 million 628 müň 712 tonna däneli ekinler ösdürilip ýetişdirildi. Bu barada Täjigistanyň Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika gullugyna salgylanyp, “Howar” Milli habarlar agentligi mälim edýär.

Şeýlelikde, 830,365 tonna bugdaý, 280,410 tonna pagta, 989,782 tonna ýeralma, 2,733.227 tonna gök önüm, 949,763 tonna gawun, 584,697 tonna miwe, 169,251 tonna üzüm we 1,555.532 tonna hem iým öndürildi. Bu sanlar 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende has ýokary bolup, ýeralmanyň ösdürilip ýetişdirlişi - 5,4%, gök önümlerden alnan hasyl - 11%, gawun - 17,4%, miweler - 35,4%, iým önümçiligi hem - 5,5% ýokarlandy. Galla önümçiligi bolsa geçen ýyldaky görkeziji bilen deňeçer boldy.

Galla ätiýaçlyk gory 12219.8 tonna, mekgejöwen - 963,4 tonna, günebakar - 0,3 tonna, kartoşka - 1749,6 tonna, gök önümler - 7505,2 tonna, miweler - 906 tonna, üzüm - 274 tonna, un - 1465,2 tonna, ösümlik ýagy - 776,5 tonna, granulirlenen şeker - 142 tonna, tüwi - 383,6 tonna we ähli görnüşli konserwirlenen önümleriň hem 3262 banka barabar boldy.

ORIENT news

Foto: avesta.tj

Şeýle hem okaň: