Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tegelek stol geçirdi
28.11.2023 | 01:00 |Duşenbe güni, 27-nji noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda tegelek stol geçirildi. Ol Gynamalara garşy konwensiýa (OPCAT) goşmaça teswirnamanyň hödürlenmegine bagyşlandy.
Duşuşykda birnäçe ministrlikleriň işgärleri, ýurtda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin Pudagara toparynyň agzalary ýygnandylar.
Duşuşygyň dowamynda daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistanyň häzirki wagtda teswirnama goşulmak meselesine seredýändigini belledi. Şu nukdaýnazardan, ministriň orunbasary bu resminama goşulandan soň Türkmenistanyň öz üstüne aljak artykmaçlyklaryny we borçlaryny belläp geçdi.
Duşuşykda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko we BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça wekili Matilda Bogner çykyş etdi.
Gatnaşanlar Türkmenistanyň adalat ulgamyny gowulandyrmak üçin işjeň işleýändigini, gynamalaryň öňüni almaga gönükdirilen açyk köptaraplaýyn dialogy we özara gatnaşygy gurýandygyny bellediler.
Adam hukuklaryny goramagyň esasy gurallaryndan biri bolan Gynamalara garşy konwensiýa 1987-nji ýylda güýje girdi. 1999-njy ýyldan bäri bu resminama gatnaşýan Türkmenistan, adam hukuklaryny, azatlyklaryny we mertebesini goramak boýunça ähli halkara ülňülerini we borçlaryny ýerine ýetirmäge çalyşýar.
ORIENT news