Alžiriň täze ilçisi Aşgabat şäherine geldi
27.11.2023 | 21:57 |Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew 27-nji noýabrda, Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň täze ilçisi (ýerleşýän ýeri Ankara ş.) Amar Belaniniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.
Söhbetdeşlikde türkmen diplomaty ilçini täze wezipä bellenmegi bilen gutlady we täze bellenen diplomata türkmen-alžir hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça wezipesini ýerine ýetirmekde ählitaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belledi.
Duşuşykda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi barada pikir alyşdylar we söwda, medeniýet, ykdysadyýet, syýasy-diplomatik ýaly hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlarynda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ýollaryna seretdiler. Iki ýurduň halkara guramalarynyň çägindäki täsirli gatnaşygy hem bellendi.
ORIENT news