Abstraksiýalar we moda: Aşgabatda Witaliý Didenkonyň sergisi açyldy
25.11.2023 | 02:17 |Impressionizm we abstraksiýa ussady modernist suratkeş Witaliý Didenkonyň eserleriniň sergisi anna güni agşam paýtagtyň Aşgabat söwda merkezinde açyldy. Serginiň görnüşiniň gaty adaty däldigini bellemelidiris - suratkeşiň eserleri we Däp moda markasynyň gyş kolleksiýasy bir otagda görkezilýär.
Şeýle-de bolsa, sungatyň düýbünden başga ýaly görünýän ugurlarynyň “birleşmegi”: dizaýn we häzirki zaman sungaty doly suraty bozmaýar. Munuň tersine, gelýänler geçen döwre “syýahat edýärler”, mysal üçin, Köneürgençdäki Türkan Hatyn minarasynyň keşbi bar. Bir tarapa ädim ädiň – indi siz, dostlaryňyz bilen sähra gezelenjinde näme geýmelidigini saýlap bilersiňiz.
Çäräniň kuratory Maral Klyçewa: "Adamlaryň bu iki ýyldyzyň şöhlesini görmegini isledim: uzak wagtlap ýanýan ýyldyzy [Witaliý Didenko] we asmanymyzda ýaňy dörän ýyldyzjygy [Däp topary] — diýip, serginiň açylyş dabarasynda belledi.
Bu suratlarda her kim özüne mahsus bir zady tapar: peýzažlar, natýurmortlar we portretler bar... “Tortdaky ülje” abstraksiýa prizmasy arkaly suratlarda dünýäniň iň gyzykly, häzirki wagtda aýdylyşy ýaly, “açyk, täsirli, estetiki” görnüşi saklanýar.
Her kim bu reňklerden janly lezzet alar ýaly döwrebap suratkeşiň sergisiniň 30-njy noýabrda geçiriljekdigini ýatladýarys.
Сапаргулы МаХТУМОВ