Iň täze habarlar

Eýranyň Isfahan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy

23.11.2023 | 07:40 |
 Eýranyň Isfahan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy

Eýranyň Isfahan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligi badalga aldy. Bu çäre 26-njy noýabra çenli dowam edip, onuň çäklerinde milli aýdym-saz, şekillendiriş sungatyna we senetçilige bagyşlanyp guraljak sergileriň çykyşlaryň 40-a golaý türkmen suratkeşi gatnaşar. Bu barada “Tehran Times” neşiri habar berýär.

Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy şäheriň Sungat zalynda geçirildi. Isfahan uniwersitetinde geljek ýyl 300 ýyllygy giňden bellenjek beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan edebi duşuşyk geçiriler.

Eýranyň Medeniýet günleri Aşgabatda şu ýylyň fewral aýynda geçirildi. Şonda elli töweregi eýranly suratkeş, şeýle hem sungat we döredijilik toparlary Türkmenistana gelip, çykyşlaryny görkezdiler.

Özara medeni çäreler Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Ebrahim Raisiniň duşuşygynda medeni gatnaşyklar babatynda gazanylan şertnamalary ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirilýär.

Ýakynda Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň “Iran Prože” atly ýöriteleşdirilen sergisiniň geçirildi. Şol bir wagtyň özünde, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi.

ORIENT news

Foto: tripadvisor.com

Şeýle hem okaň: