Iň täze habarlar

Türkmen diplomaty gazagystanly talyplara sapak berdi

23.11.2023 | 09:28 |
 Türkmen diplomaty gazagystanly talyplara sapak berdi

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow L.N.Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetinde talyplara sapak berdi. Oňa ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, bu ýerde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Ilçi özüniň çykyşynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasatyna, şeýle hem döwlet Baştutanynyň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy akyldary Magtymguly Pyragyniň 300 ýyllygynyň giňden bellenilmegine aýratyn üns berildi.

Türkmen diplomatynyň çykyşyny ýygnananlar uly üns bilen diňlediler diýlip, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasynyň metbugat beýanatynda mälim edilýär.

Ilçi Rejepow goňşy Respublikanyň iň uly uniwersitetleriniň birine eden saparynyň barşynda, bu ýerde bilim alýan türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri, akademiki görkezijileri we uniwersitetiň medeni durmuşyna gatnaşygy bilen gyzyklandy. Öz gezeginde, türkmenistanly talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip, diplomat bilen söhbetdeş boldular.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky ilçihanasy

Şeýle hem okaň: