Iň täze habarlar

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Beýik Watançylyk urşy muzeýine baryp gördi

19.11.2023 | 20:54 |
 Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Beýik Watançylyk urşy muzeýine baryp gördi

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin, Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda maşgalasy bilen Türkmenabatdaky Beýik Watançylyk urşy muzeýine baryp gördi.

Suratlar, gurallar we baýraklar ata-babalaryň watançylygy, esgerleriň edermenligi we tylda galanlaryň eden yhlasy barada gürrüň berýärdi. Dostlukly ýurtlaryň umumy taryhy ýatdan çykarylmaýar olar eksponatlarda, nusgalarda we suratlarda ýaşaýar.

Şeýle hem muzeýde Çärjew (Türkmenabat) şäherindäki hassahananyň işi, tylda galan adamlaryň harby edermenligi hakda gürrüň berýän materiallar hödürlenýär.

Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýi 2005-nji ýylyň 7-nji maýynda I.W Panfilowyň öý muzeýinde açyldy. Muzeý 18 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen söweşijileriniň edermenligini ebedileşdirmek maksady bilen myhmanlary garşy alýar.

ORIENT news

Foto: Türkmenabatdaky Beýik Watançylyk urşy muzeýi

Şeýle hem okaň: