Iň täze habarlar

Gündogar öwüşginleri: Moskwada öňdebaryjy Türküstan sungat eserleriniň sergisi geçiriler

19.11.2023 | 23:22 |
 Gündogar öwüşginleri: Moskwada öňdebaryjy Türküstan sungat eserleriniň sergisi geçiriler

“Güne ýanaşan. Stil gözlemekde: Orta Aziýa sungatynda awangard we realizm”- şeýle atly taslama daşary ýurtdaky Aleksandr Solženitsyn adyndaky Russiýa öýi tarapyndan yglan edildi. Sungat eserleriniň bu görkezilişi köpçülige rus suratkeşligini tanyşdyrar, diňe käbirlerine mälim bolan - Türküstan awangardy, ýagny 1920-1960-njy ýyllaryň eserleri hem görkeziler.

processed-5e3fa8d5-d6fd-4ec7-a93a-650995f420d4_gPxWOvf4.jpg

Guramaçylaryň belleýşi ýaly, bu ugruň özboluşlylygy köp taraplylygyndadyr - bu ýerde şol döwür üçin innowasiýa bolan pikirleriň, rus sungat mekdebiniň däp-dessurlarynyň we Merkezi Aziýanyň bezeg işleriniň ýakynlygyny yzarlamak bolýar. Gözelligi bahalandyryp bilýänler güneşli Türküstanyň durmuşyny görkezýän açyk reňklere biperwaý garamazlar.

processed-e8d3465c-764b-4eb5-9c67-51d548b6dd02_K3WiUTRp.jpg

Suratlar döredijileriň ykballary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Taslamanyň gözegçisi Lýubow Agafonowa, XX asyrda Türküstanyň çeperçilik mekdebiniň gözbaşynda duran rus awangardy “üç muşketýorlar” barada gürrüň berýär. Olar Merkezi Aziýanyň ýaşaýjylarynyň keşbini özlerine deňäp gördüler we özleriniň tejribesini we garaýyşlaryny boýag arkaly suratlandyrdylar.

processed-6d366949-65eb-4d5f-a5f2-9213e628955b_DHpcC5ea.jpeg

“Muşketýorlaryň” ilkinjisi romantik we utopist Aleksandr Wolkow, öz işinde Gündogary we Günbatary birleşdirdi. Öňdebaryjy rus sungat işgärleriniň Gündogaryň bezeg sungatynyň täsiri arkaly kabul eden tejribesi ussada özboluşly surat dilini döretmäge mümkinçilik berdi.

processed-1782f65f-5ed5-49f5-bb08-f8b2637ac461_OpwjmkcM.jpeg

Rus suratkeşleriniň köpüsi döredijiligini “täzelemek” we ylham almak üçin Gündogara bardylar. Şeýle-de bolsa, Wolkow üçin Türküstan epizod däl-de, eýsem bütin ömrüniň temasydy.

processed-d3566429-b819-4dc0-aa44-287cf303829a_qlIQhJeV.jpg

Rus simwolizminiň indiki tarapdary we döwrebap Türküstan sungat eserlerini esaslandyryjylaryň biri Aleksandr Nikolaýewdir. Yslam dinini kabul eden hudožnik “ussat” diýmegi aňladýan “Usto Mumin” adyny aldy. Kazimir Malewiçiň talyby we UzSSR-iň at gazanan suratkeşi Nikolaýewiň esasy işi - “Nar bilen yhlas” hekaýasy bilen ýatda saklanýar.

processed-5388dc65-f7d9-4752-aa64-292becd97769_Q2Dfy39s.jpg

Gutylaryň faner diwaryna ýazylan tempera (ýumurtga sarysy goşulyp taýýarlanan mineral reňk bilen çekilen surat), durmuş nyşanlaryny we pars kitap miniatýuralaryny birleşdirýär. Kompozisiýada bir oglanyň, ýetginjekleriň durmuşy baradaky hekaýasy görkezilýär: bu ýoldaşlar, durmuş, söýgi we başdan geçirmeler baradaky hekaýanyň suratdaky “doňan” keşbidir.

processed-77a022c0-c9fd-4d5c-afce-9543724ecb45_TWapRQq3.jpg

Aziýa göçüp barşyny suratlandyran Nikolaýew: “Taiti adasynda ýedi ýyl ýaşap, ýerli däp-dessurlaryny we edim-gylymlaryny ýerine ýetiren beýik fransuz suratkeşi Pol Gogeniň nusgawy mysalyny bilýärdim... Bu tejribäni özüm üçin gaýtalamak pikirim bardy" diýip, gürrüň berýär.

processed-16f816cc-db49-43ac-b960-0183691e17bb_kvWhZXl6.jpeg

Üçlügiň iň soňkusy, futurist we “aşa reňkli suratkeş” Wiktor Ufimtsewdir. 1923-nji ýylda ilkinji gezek Türküstanda bolan Ufimtsew, Gündogaryň üýtgeşik reňk birikmeleri we ritmleri bilen haýran galdy. 1920-nji ýyllaryň ahyryndan Ufimtsew öz ideýalarynyň çeper keşbini gözlemek üçin neo-primitiwizm ruhunda köp eskizler döretdi.

processed-c2cf7c62-bbe6-4ea6-98ab-f2dfd16f8b2d_cZ1Oi253.jpg

Şeýle hem sergide “Güne ýanaşanlaryň” gönüden-göni täsir eden suratkeşleri bolan - Robert Falkyň, Pawel Kuznetsowyň, binagär Wladimir Şuhowyň we beýlekileriň eserleri hem görkeziler.

processed-1bd777a4-08c7-4186-a939-b6cb6d5856f7_PSjoCzYw.jpeg

Umuman, geçen asyryň başynda neşir edilen 60-dan gowrak suratlar, grafika we özboluşly kitaplar görkeziler. Taslama gatnaşyjylaryň hatarynda, Tretýakow galereýasy, Gündogar sungaty muzeýi, Pskow muzeý-goraghanasy, Russiýanyň daşary ýurtlardaky miras gaznasy we başga-da birnäçe “surat öýleri” bar.

ORIENT news

Foto: liveinternet.ru

Şeýle hem okaň: