Iň täze habarlar

Ýaş boks ýyldyzlary Ýerewanda geçiriljek IBA dünýä çempionatynda çykyş ederler

17.11.2023 | 13:59 |
 Ýaş boks ýyldyzlary Ýerewanda geçiriljek IBA dünýä çempionatynda çykyş ederler

IBA ýetginjekleriň boks boýunça dünýä çempionaty 24-nji noýabrdan 4-nji dekabr aralygynda Ermenistanyň Ýerewan şäherinde geçiriler.

Bäsleşik, iň pes agramdan (46 kg) agyr agrama (+80 kg) çenli zenanlaryň we erkekleriň 13 sany agram kategoriýasyny öz içine alar.

Jemi 57 ýurt 15 we 16 ýaşly zehinli türgenlerini IBA ýetginjekleriň boks çempionatyna ibermek kararyna geldi. Olaryň hatarynda Owganystan, Hindistan, Eýran, Yrak, Iordaniýa, Gazagystan, Günorta Koreýa, Gyrgyzystan, Liwan, Mongoliýa, Nepal, Pakistan, Katar, Şri-Lanka, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan ýaly ýurtlar bar. Bu barada Aziýa boks konfederasiýasynyň web sahypasynda habar berilýär.

Final tapgyry 3-nji dekabrda geçiriler we Ýerewanda jemi 26 çempion belli bolar.

“ASBC” Aziýa ýaşlar we ýetginjekleriň boks çempionaty 3-nji noýabrda Gazagystanyň Astana şäherinde tamamlandy. Bu ýaryşda medallaryň sany boýunça Türkmenistan ýetginjekler ýaryşlarynda 1 altyn medal, 2 kümüş we bir bürünç medaly, ýaşlaryň arasyndaky ýaryşlarynda bolsa, bir kümüş we iki bürünç medal gazandy.

Ähli milli federasiýalar, 2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda Italiýanyň Busto-Arsitsio şäherinde başlajak 1-nji Bütindünýä Olimpiýa boks saýlama ýaryşlaryna taýýarlyk görmek üçin köp mümkinçiliklere eýe bolar.

Ondan öň bolsa, 14-nji ýanwardan 14-nji fewral aralygynda Serbiýada, Wengriýada, Angliýada, Ispaniýada, Şwesiýada, Bolgariýada we Bosniýada we Gersegowinada taýýarlyk ýaryşlary geçiriler.

ORIENT news

Foto: asbcnews.org

Şeýle hem okaň: