Iň täze habarlar

Kuraş sporty boýunça dünýäniň iň ezber 240-dan gowrak türgeni Aşgabada geler

15.11.2023 | 11:53 |
 Kuraş sporty boýunça dünýäniň iň ezber 240-dan gowrak türgeni Aşgabada geler

Halkara birleşigi tarapyndan öňe sürlen we Türkmenistan tarapyndan goldanylan Kuraş sporty boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin dünýäniň 50 ýurdundan 240-dan gowrak türgen Aşgabat şäherine geler. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Dünýä ýaryşynda ýeňiji bolan 60 türgeniň medallar bilen sylaglanjakdygy bellenilýär. Çempionatyň özünde Türkmenistana 15 türgen wekilçilik eder. Sport ýaryşlary jemi 15 agram derejesinde, şolaryň 7-si erkek we 8-si bolsa zenan agram derejesinde geçiriler. Ýakynda geçiriljek ýaryşlaryň ýeňijileri Türkmenistanyň ýokary derejeli eminler topary tarapyndan kesgitlener.

Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyny guramçylykly geçirmek maksady bilen ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat 300 töweregi meýletinçi taýýarlandy. Olara degişli taýýarlyk okuwlary geçildi.

Kuraş sporty boýunça dünýä çempionaty 23-28-nji noýabrda Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçiriler.

ORIENT news

Foto: turkmenistan.gov.tm

Şeýle hem okaň: