Gazagystanyň teatry Aşgabatda Muhtar Awezowyň “Goragsyzlar güni” dramasyny görkezer
11.11.2023 | 23:33 |Biken Rimowa adyndaky Taldykorgan gazak drama teatry 14-16-njy noýabr aralygynda Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçiriljek IV halkara teatr festiwalyna gatnaşar.
Gazagystanyň öňdebaryjy bu teatry meşhur ýazyjy we dramaturg Muhtar Awezowyň 1921-nji ýyldaky “Goragsyzlar güni” atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan eserini görkezer. Spektakl tomaşaçylary geçen asyryň gazak obasynyň durmuşyna aralaşdyrar we olara bir maşgalanyň başyndan geçen kyn wakany gürrüň berer.
Drama garyp, goragsyz adamlaryň durmuşyndaky agyrylary we görgüleri açýar. Şol bir wagtyň özünde, ahlak, adamkärçilik, hoşniýetlilik we zalymlyk, rehimdarlyk soraglaryny döredýär we pikirlenmäge mejbur edýär, sebäbi goragsyz adamlar mowzugy häzir hem, islendik jemgyýetde wajypdyr, näme üçin güýçliler ejizleriň, baýlar bolsa garyplaryň üstünden agalyk edýändigi hakda pikirlenmäge esas bardyr.
“Goragsyzlar güni” pýesasy 14-nji noýabrda, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda görkeziler. Başlanýan wagty 17:30. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň web sahypasynda habar berilýär.
ORIENT news